Emeli intellektiň ösmegi bilen Hytaýda transformator önümçiligi artýar
Dünýäde emeli intellektiň hasaplaýyş mümkinçiligine islegleriňi artdygyça, Hytaýyň transformator önümçiligi doly kuwwatynda işleýär. Içerki we daşary ýurt maglumat merkezlerinden gelen sargytlar önümçilige has-da itergi berýär.
Guandun we Sziansu ýaly esasy senagat welaýatlarda ýerleşýän kärhanalar özleriniň sargyt kitaplarynyň dolandygyny, käbir maglumat merkezleri bilen baglanyşykly şertnamalaryň bolsa 2027-nji ýyla çenli meýilleşdirilendigini habar berýär. Ozal adaty elektrik ulgamlarynyň wajyp bölegi bolan transformatorlar häzirki wagtda ýokary kuwwatlylygy we durnukly elektrik üpjünçiligini talap edýän Emeli intellekt maglumat merkezleri üçin esasy infrastruktura öwrüldi.
Guandun welaýatynyň Foşan şäherinde ýerleşýän kärhanalarda sargytlaryň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 70 – 80 göterim artdy, önümçilik bolsa doly güýjünde işleýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda transformatorlaryň eltip gowşuryş wagtynyň 50 hepdeden 127 hepde aralygynda bolmagy Hytaý öndürijilerini has tiz we bäsdeşlige ukyply üpjün ediji hökmünde öňe çykarýar.
Sziansu welaýatyndaky kärhanada önümçilik gije-gündiz üç çalşykda alnyp barylýar. Ýörite sargytlar boýunça öndürilýän transformatorlar 3 aýdan 6 aýy aralygynda eltip gowşurylýar, bu bolsa beýleki ýurtlardaky ortaça 18 aý möhletden ep-esli gysgadyr. Bu kärhanada hem sargytlar 2027-nji ýylyň ahyryna çenli öňünden meýilleşdirildi, şol sanda Demirgazyk Amerika iberilýän önümler hem bar.
Pudak maglumatlaryna görä, Hytaýda 3 müňe golaý transformator öndürijiler işleýär. 2025-nji ýylda transformator eksporty 64 milliard 600 million ýuana (9 milliard 290 million ABŞ dollaryna) ýetip, geçen ýyla görä 36 göterim ýokarlandy. Hytaý häzirki wagtda dünýäniň transformator önümçiliginiň takmynan 60 göterimini üpjün edýär.