Hytaýyň Bahar baýramy döwründe ýolagçy gatnawlary üçin mümkinçilikler artdyrylar
Hytaýyň Bahar baýramy bilen baglanyşykly 40 günlük syýahat möwsüminde ýolagçy gatnawlarynyň artmagyna taýýarlyk görülýär. Howa gatnawlarynyň, demirýol we awtomobil ulag ulgamlarynyň mümkinçilikleri giňeldildi. Hepdäniň duşenbe güni başlanýan bu möwsümde sebitara ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň 9 milliard 500 milliondan geçmegine garaşylýar.
Her ýyl Hytaýyň iň meşhur baýramçylygy hasaplanýan Bahar baýramy mynasybetli millionlarça adam öz dogduk mekanlaryna dolanýar, bu bolsa dünýäde iň uly möwsümleýin adam gatnawlaryny emele getirýär.
Demirýol ulgamy iň gyzgalaňly döwürde gündelik 14 müňden gowrak ýolagçy otlularynyň gatnawlaryny gurnaýar, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5.3 göterim köpdür. Degişli edaralar ýolagçy isleglerini öwrenmek arkaly petek satyn alyş, garaşýanlaryň sanawlaryny we ulag mümkinçiliklerini ussatlyk bilen dolandyrýandygyny mälim etdi.
Raýat awiasiýasy bu döwürde günde ortaça 19 400 uçuşy amala aşyrmagy meýilleşdirýär, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5 göterim köpdir. Syýahatçylaryň köp barýan sebitleriniň biri bolan Hainan welaýatynda Sanya Feniks halkara howa menziliniň täze terminaly ýekşenbe güni synag tertibinde işe girizildi.
Şeýle hem awtoulaglar arkaly amala aşyrylýan syýahatlaryň we awtomobil gatnawlarynyň rekord derejä ýetmegine garaşylýar.
Şu ýyl Hytaý Täze ýyly 17-nji fewrala gabat gelýär. Resmi dynç alyş dokuz gün dowam eder, syýahatçylyk möwsümi bolsa 13-nji martda tamamlanar.