At ýylynyň golaýlaşmagy bilen Hytaýyň dürli künjeklerinde suratkeşler we ussatlar ýyl senenamasynyň bu nyşanyny däp-dessur sungaty hem-de häzirki zaman çeperçilik arkaly beýan edýärler. At batyrlygyň, kuwwatlylygyň we milli mirasyň nyşany hasaplanýar.
China Global Television Network (CGTN) halkara media guramasy tarapyndan başlanan “Atlar barada ähli zatlar” döredijilik bäsleşigine Hytaýdan we daşary ýurtlardan köp sanly höwesjeňler gatnaşýar. Bu çärede at – güýjüň, öňegidişligiň we adam döredijiliginiň nyşany hasaplanýandyr.
Hytaýyň Henan welaýatynyň Luoyang şäherinde köpasyrlyk Sansai, ýagny üç reňkli syrçaly keramika sungaty täze ýyl temasy bilen täzeden janlanýar. Luoyang Sansai Sungat Muzeýiniň direktory Go Aihe suwuk syrçalar arkaly daglaryň we bulutlaryň arasyndan öňe ymtylýan atyň keşbini döredýär. Muzeýiň direktorynyň orunbasary Go Sziaszi bolsa gyzyl syrçaly Sansai atynyň nähili usulda taýýarlanýandygyny görkezýär.
Suratkeş Žu Çanszi atyň ruhy keşbini çotga urgulary arkaly ussatlyk bilen beýan edip, onuň nepisligini we içki güýjüni açyp görkezýär.
At temasynda uzak ýyllardan bäri işleýän suratkeş Çžan Ýan Içerki Mongoliýa we Sinszian sebitlerine amala aşyran eskiz saparlarynyň esasynda giň göwrümli eserler toplumyny döretdi. Onuň “Öňbaşçylyk etmek” atly eseri meýdanda erkin çapyp barýan gara aty şekillendirýär we ol öňe düşýän lidere, batyrgaýlyga we döwrebap ösüşe itergi berýän ruhy alamatlandyrýandyr.