Pekiniň gazna biržasynda hünär taýdan ýokary derejeli maýadarlaryň rekord sany hasaba alyndy
Pekiniň gazna biržasynda maýadarlar binýadynyň has-da giňelendigi hasaba alyndy: 20-nji ýanwardaky ýagdaýlara görä, hünär taýdan ýokary derejeli maýadarlaryň umumy sany 10 milliondan geçdi. Bu bolsa meýdançanyň ösýän depginini we maýadarlar üçin özüne çekijiligini görkezýär.
Bu görkeziji materik Hytaýynyň «üçünji» biržasynda (A derejeli paýnamalar bazary) geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, arassa görnüşde tas 2 million hasap artandygyny aňladýar.
Bu netije 2021-nji ýylda esaslandyrylan Pekiniň gazna biržasynyň taryhynda rekord görkeziji bolup, başlangyçdaky 4 million bilen deňeşdirilende iki esse köpelendigini görkezýär. Diňe soňky bäş aýyň dowamynda maýadarlar sany 9 milliondan 10 milliondan gowraga ýetdi. Bilermenler maýadarlar binýadynyň şeýle çalt ösmegini ilkinji paýnamalaryň ýerleşdirilişi bazaryndaky güýçli görkezijiler bilen baglanyşdyrýarlar.
2026-njy ýylyň başyndan bäri Pekiniň gazna biržasynda täze paýnamalara ýazylmak üçin “doňdurylan” serişdeleriň möçberi 1 trillion ýuandan (takmynan 143,85 mlrd ABŞ dollary) geçdi. Bu bolsa maýadarlaryň bazara çykýan kompaniýalara bolan durnukly ýokary gyzyklanmasyny görkezýär.
«10 million maýadar göwrümi — Pekiniň gazna biržasynyň bazar ekoulgamynyň kämillik derejesini görkezýän esasy görkezijidir. Täze paýnamalar bazaryndaky täsirli netijeler Pekiniň gazna biržasynda ýerleşdirilen kompaniýalaryň maýa goýum gymmatyny tassyklady we goşmaça maýanyň akymyny üpjün etdi. Bazaryň möçberiniň giňelmegi hem-de maýadarlar sanynyň artmagy oňyn aýlawy döredip, innowasiýa gönükdirilen kiçi we orta kärhanalara has ýeterlik maliýe goldawyny üpjün edýär», — diýip, Soochow Securities kompaniýasynyň baş ykdysadyýetçisi Lýu Çže belledi.
Pekiniň gazna biržasynyň umumy bazar maýalaşdyrmasy1 trillion ýuana golaýlady. Maglumatlara görä, biržada hödürlenýän kompaniýalaryň sany 290-na ýetip, olaryň umumy bahasy 949,571 mlrd ýuan (takmynan 136,59 mlrd ABŞ dollar) düzýär.
Şol bir wagtyň özünde, Pekiniň gazna biržasy ýokary bazar durnuklylygyny görkezdi: 2025-nji ýylda Beijing Stock Exchange 50 indeksi umumylykda takmynan 50% ösdi. Bazaryň wekili hasaplanýan bu öňdebaryjy indeks bazary 50 paýnamany öz içine alýar we biržanyň umumy işini gözegçilikde saklamak üçin gural hökmünde hyzmat edýär
Pekiniň gazna biržasy açylan wagtyndan bäri sanawa giren kompaniýalaryň 90%-den gowragy jemi 19,86 mlrd ýuany (takmynan 2,86 mlrd ABŞ dollary) nagt dividend hökmünde töledi. Şunuň bilen bir hatarda 16 kompaniýanyň tölegleriň möçberi, olaryň sanawa giren pursatynda çekilen maýa goýumlarynyň umumy möçberinden hem ýokary boldy.
2025-nji ýylyň üçünji çärýegi üçin hasabatda görkezilişi ýaly, Pekiniň gazna biržasynda hasaba alnan 279 kompaniýanyň ortaça girdejisi 520 million ýuana (takmynan 74,8 million ABŞ dollaryna) deň boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,99% ýokarlandy. Olaryň ortaça arassa peýdasy bolsa takmynan 32,99 million ýuana (takmynan 4,74 million ABŞ dollaryna) barabar boldy.
Pekiniň gazna biržasy 50 indeksine girýän bäş kompaniýa, şeýle-de bu indekse girmeýän sekiz kompaniýa maýany paýlamak boýunça meýilnamalaryny mälim etdi. Nagt görnüşindäki tölegleriň umumy möçberi 358 mln ýuana (takmynan 51,5 mln ABŞ dollary) deň boldy.