Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynda ýerleşýän möhüm daşary söwda geçelgesi bolan Sindao porty awtomatlaşdyrma, sanly gümrük ulgamlary we giňelýän halkara gämiçilik ulgamy esasynda 2026-njy ýyla ynam bilen girişýär.
Port geçen ýyl 700 million tonnadan gowrak ýük dolanyşygyny amala aşyrdy. Häzirki wagtda 180 ýurduň 700-den gowrak porty bilen baglanyşykly 230-dan gowrak ugurlar boýunça deňiz üsti bilen ýükleri gatnadýar.
Sürüjisiz ulaglar we merkezleşdirilen sanly dolandyryş arkaly işleýän awtomatlaşdyrylan konteýner terminaly konteýner hyzmatynyň netijeliligi boýunça 13 gezek dünýä rekordyny goýdy. Ulgamlaryň biri-biri bilen sazlaşykly işlemeginiň hasabyna önümçilikde ösüş gazanyldy.
Gümrük amallary terminalyň iş amallaryna gönüden-göni utgaşdyrylyp, ýükleriň resmileşdirilmegi ep-esli tizleşdirildi. Import konteýnerleriniň barlag wagty 3 –7 sagada çenli gysgaldyldy we her konteýner boýunça ortaça 600 ýuan (ýagny 86 ABŞ dollary) tygşytlandy. Eksport konteýnerlerinde bolsa barlag wagty 1.5 sagat töweregi azaldylyp, ortaça çykdajylar 100 ýuan (ýagny 14 ABŞ dollary) kemeldildi.
Sindao porty 2026-njy ýylyň başynda deňiz arkaly ýük daşamak boýunça täze ugurlary ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu ädim portuň halkara derejesinde gerimini has-da giňeltmäge hem-de Hytaýyň senagat sebitlerinden çykýan söwda gatnawlaryna ýardam bermeklige gönükdirilendir. Bu port Ark TaaS (Trade as a Service) sanly platformasy arkaly emeli intellektli tehnologiýalaryň ulanylyşyny giňeldip, deňiz arkaly ýük daşaýan kompaniýalary, agentlikler we ýük eýeleri üçin logistika hyzmatlaryny, maglumat elýeterliligini we ugur meýilleşdiriş mümkinçiliklerini ösdürýär.