Hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň birnäçe sebitlerinde “TIR Plus – Gümrük ammary” we “TIR Plus – halkara elektron söwdasy” atly iki sany täze işewürlik modelleri işe girizildi. Bu ädim Hytaýyň Baş gümrük gullugynyň täze düzgünleriniň esasynda amala aşyrylyp, halkara logistika ulgamynyň kämilleşdirilýändigini görkezýändir.
“TIR Plus – Gümrük ammary” we “TIR Plus – halkara elektron söwdasy” atly täze işewürlik modelleri ilkinji gezek halkara awtoulag gatnawlaryny gümrük zolagynyň düzgünleri we elektron söwda gözegçiligi bilen utgaşdyrýar. Bu bolsa daşary söwda bilen meşgullanýan kärhanalar üçin has netijeli ulag gatnaw mümkinçiliklerini döredýändir.
Hytaýyň Henan welaýatynda “TIR Plus – Gümrük ammary” modeli boýunça ilkinji ýükler Çženžou howa menziliniň ykdysady zolagyndan Russiýa ugradyldy. Şuňa meňzeş gatnawlar Sinszian-Uýgur awtonom welaýatynyň Kaşgar şäherinde hem amala aşyrylyp, harytlar Päkistana we Özbegistana iberildi. Ýükleri Päkistana eltip gowşurmak üçin iki gün gerek bolar, Özbegistana eltip gowşurmak üçin bolsa bäş gün gerek bolar diýlip garaşylýar.
Hytaýyň Žeszian welaýatynyň Wenžou şäherinde hem täze modeller boýunça ýük iberilişi başlandy. Ýerli kärhanalar salgyt gaýtarylyşynyň has ir amala aşyrylýandygyny we Ýewropa iberilýän ýükleriň daşalýan wagtynyň deňiz gatnawlary bilen deňeşdirilende 65 göterime çenli gysgaldylýandygyny bellediler.
Hytaý 2016-njy ýylyň iýul aýynda Halkara awtomobil gatnawlary (TIR) konwensiýasyna goşulyp, halkara ýollary arkaly ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek ugrunda möhüm öňegidişlik gazandy.