Koreýaly myhmanlar özleriniň Hytaýdaky gadymy miraslaryna buýsanýarlar
Koreýa Respublikasyndan gelen myhmanlar Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunsin şäherinde ýerleşýän Koreýa Respublikasynyň ir döwürdäki wagtlaýyn hökümetiniň köne ýerlerini görüp, çuňňur täsir astynda galandyklaryny aýtdylar. Olar bu taryhy mirasy geljek nesiller üçin gorap saklamak ugrunda Hytaý hökümetiniň eden tagallalaryna minnetdarlyk bildirdiler.
Taryhy ýadygärlik Çunsiniň beýik binalar bilen gurşalan şäher merkezinde ýerleşip, Ikinji Jahan urşy döwründen bäri Hytaý bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we taryhyň möhüm sahypasyny alamatlandyrýandyr.
1919-njy ýylda Şanhaýda döredilen Koreýa Respublikasynyň wagtlaýyn hökümeti Ýapon süteminden gaçyp gutulmak maksady bilen Hytaýyň dürli şäherlerine göçüp, ahyrynda 1940-njy ýylda Çunsinde ornaşypdyr. Bu çal kerpiçden gurlan binalar alty ýylyň dowamynda olaryň baş merkezi hökmünde hyzmat edipdir.
Häzirki wagtda bu ýerde saklanýan 600-den gowrak resminamalar we suratlar Koreýanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşen raýatlarynyň hytaýly egindeşleri bilen bilelikde alyp baran işlerini beýan edýär.
“Koreýa Respublikasynyň wagtlaýyn hökümeti Çunsinde alty ýyl işläpdir. Çunsin howpsuz sebit bolanlygy sebäpli, olar Ýapon süteminden çekinmän köpçülikleýin çäreleri geçiripdirler. Hytaýda bolup geçen bu döwri olar Ýapon sütemine garşy 27 ýyllyk göreşiň tamamlanmagy hökmünde görýärler. Şanhaýda başlanan bu ýol, hut şu ýerde, Çunsinde ýeňiş bilen tamamlandy” diýip, Çunsindäki Koreýa Respublikasynyň ir döwürdäki wagtlaýyn hökümetiniň ýerleşýän ýeriniň ýolbaşçysy Se Sýue aýtdy.
Bu taryhy ýerde Wagtlaýyn mejlis zaly, Daşary işler we Maliýe ministrlikleri, şeýle hem hökümet ýolbaşçylarynyň şahsy iş otaglary asyl görnüşinde saklanyp galypdyr.
Hytaýa gelen ýaş koreýalylar üçin bu zallardan geçmek diňe kitaplarda okalýan taryh bilen göni aragatnaşygy gurmak mümkinçiligini döredýär.
“Bu örän täsirli tejribe. Sebäbi şol döwürdäki ruhy we güýji duýup bolýar. Başga bir ýurtda öz taryhyňy görmek örän tolgundyryjydyr. Men şol döwürde ýaşamadyk hem bolsam, bu ýere gelenimde çuňňur täsir astynda galdym. Eger biziň ene-atalarymyz ýa-da şol döwrüň nesilleri gelip görse, olar hem özlerini şeýle buýsançly duýardylar” diýip, Koreýa Respublikasyndan gelen myhman Çžu Syn Hwi aýtdy.
30 ýyldan mundan ozal açylan bu muzeý häzirki wagtda ýatlama we minnetdarlyk bildirmek mekanyna öwrüldi. Esasan koreýaly myhmanlar tarapyndan doldurylan 200-e golaý kitapda bu taryhy ýeriň saklanyp galandygy üçin Hytaý hökümetine minnetdarlyk bildirilýär hem-de iki halkyň arasynda uzak möhletleýin dostluga bolan umyt beýan edilýär.
“Bu ýeriň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi Koreýanyň Garaşsyzlyk güni hut şu ýerde bellenilipdir. Bu ýerleri gezmek meniň üçin diýseň tolgundyryjy boldy. Şeýle hem, Hytaý hökümetiniň bu taryhy ýadygärligi gorap saklamagyna we muzeýiň şu güne çenli işlemegini dowam etdirmegine minnetdarlyk bildirýärin” diýip, Koreýa Respublikasyndan gelen başga bir myhman Seo Ye Seo habar berdi.
