Şu ýyl Las Wegasda geçirilýän Sarp edijileriň elektronikasynyň sergisinde Hytaýyň emeli intellekt tehnologiýalary aýratyn üns merkezinde boldy. Hytaý kompaniýalary emeli intellektiň gündelik ulanylýan enjamlara gönüden ornaşdyrylýandygyny görkezýärler.
Dünýäde tehnologiýalar babatyndaky uly çäreleriň biri hasaplanýan Sarp edijileriň elektronikasynyň sergisi 155 ýurtdan gowrak we sebitden müňlerçe gatnaşyjylary jemledi. Bu ýyl emeli intellekt ähli ugurlarda robotlardan we “akylly” öý enjamlaryndan başlap, hereket etmäge ýardam berýän enjamlarda we senagat çözgütlerinde hem giňden ulanylýar.
Hytaý tehnologiýa kompaniýalary we startaplar diňe bir Las Wegas Konwensiýa merkezinde däl, eýsem bütindünýä bazarlaryny birleşdirmäge gönükdirilen goşmaça çärelere hem işjeň gatnaşýarlar. Işewürlik boýunça maslahat berýän iMpact halkara kompaniýasy tarapyndan guralan Bütindünýäni birleşdirmek (Global Connect) atly çärede Hytaý kompaniýalarynyň daşary ýurt bazarlaryna çykyşy açyp görkezilýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, Hytaýyň bäsdeşlikdäki esasy artykmaçlygy emeli intellekti önümçilik bilen utgaşdyryp bilmegidir. Köp kompaniýalar diňe programma üpjünçiligine däl, eýsem emeli intellekti maddy enjamlara ornaşdyryp, durmuşda peýdaly önümleri döredýärler. Sarp edijileriň elektronikasynyň sergisiniň zallarynda emeli intellekt ornaşdyrylan robotlar kofe taýýarlap, içgileri ýasaýarlar, ýerleri arassalaýarlar we howuzlara degişli hyzmatlary alyp barýarlar.
iMpact kompaniýasynyň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji baş direktory Kris Pereira Hytaýyň robot önümçiliginde we awtomatizasiýalaşdyrmakda emeli intellekti üstünlikli ulanyp, enjamlaryň gündelik işleriň netijeli ýerine ýetirilmegine mümkinçilik döredýändigini belleýär.
2026-njy ýyldaky Sarp edijileriň elektronikasynyň sergisinde tapawutlanan kompaniýalaryň biri hem Hytaýly dagçy Fen Şa tarapyndan esaslandyrylan Ascentiz kompaniýasy boldy. Bu kompaniýa ýörite ýa-da lukmançylyk maksatlara göňükdirilmän, eýsem gündelik hereketlilik, açyk tebigatda ulanmak we iş şertlerinde çydamlylygy ýokarlandyrmak üçin niýetlenen modul ekzoskelet (bedeniň daşyna dakylýan) ulgamyny ilkinji gezek halkara derejesinde tanyşdyrdy.
Hytaýda ekzoskelet tehnologiýasy eýýäm giňden ýaýrap başlady. Bu enjamlar syýahatçylyk ýerlerinde adamlara daglara çykmagy ýeňilleşdirmek üçin kärendesine berilýär. Fen Şa bu islegiň artmagyny emeli intellektiň ulanyjy üçin has oňaýly çözgütlere öwrülýändigi bilen baglanyşdyrýar.
Ascentiz kompaniýasy indi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bazaryna çykmagy meýilleşdirýär. Açyk çeşmeli modul görnüşi daşary ýurtly hünärmenlere programma üpjünçiligini kämilleşdirmäge mümkinçilik döredýär. Fen Şa bu çemeleşmäniň Hytaýyň kuwwatly önümçilik we üpjünçilik ulgamlaryny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy açyk çeşme programma üpjünçiligi ekoulgamy bilen birleşdirjekdigine ynanýar.
Sergide emeli intellekt ornaşdyrylan öý hojalyk enjamlary hem uly gyzyklanma döretdi. Hytaýyň Changhong kompaniýasy azyk önümleriniň täzeligini uzak wagt saklamaga ýardam berýän emeli intellekt ornaşdyrylan sowadyjy enjamy bilen tanyşdyrdy. Bu önüm emeli intellektiň gündelik durmuşda nähili peýda berýändigini açyp görkezýär.
Pepcom atly başga bir çärede hem Hytaý kompaniýalary döwrebap tehnologiýaly arassalaýyş enjamlary bilen tapawutlandy. Şençžende ýerleşýän xLean atly täze kompaniýasy şol bir wagtda awtonom robot tozan sorujy we simsiz arassalaýyjy amallary bolan täze görnüşli enjamyny hödürledi. Kompaniýa muny dünýäde ilkinji üýtgedilip bilinýän görnüş hökmünde häsiýetlendirýär.
xLean kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Terrens Liu bu emeli intellektli enjamyň tomus möwsüminde halkara bazaryna çykarylmagyna garaşylýandygyny bellemek bilen, döwrebap tehnologiýaly robot önümçiligi arkaly öý işlerini has ýeňilleşdirmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Sarp edijileriň elektronikasynyň sergisiniň guramaçysy bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Sarp edijileriň tehnologiýalarynyň birleşmesiniň maglumatlaryna görä, dört gün dowam edýän sergide 400 gowrak sessiýalar we 1 300 köp çykyşlar edilýär. Olar emeli intellekt, robot önümçiligi, durnukly ösüş we döwrebap şäherler ýaly temalary öz içine alýandyr.
1967-nji ýylda esaslandyrylan Sarp edijileriň elektronikasynyň sergisi häzirki wagtda dünýä sarp ediji tehnologiýalarynyň ösüşiniň ugruny görkezýär. Bu ýylky sergi programma üpjünçiligi bilen enjam önümçiligini birleşdirýän emeli intellektli innowasiýalaryň has-da ilerleýändigini aýdyň görkezýär.
Hytaý kompaniýalary robot önümçiligi, hereket etmäge ýardam berýän enjamlary, “akylly” öý-hojalyk önümleri we arassalaýyş ulgamlary arkaly emeli intellektiň diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem hakyky durmuşda ulanylýan çözgütlere öwrülýändigini görkezýärler. Bu çözgütler geljeke dünýä boýunça adamlaryň gündelik durmuşyny üýtgedip biler.