Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Hytaýyň deňizde ýelden elektrik energiýasyny öndürýän desgasy işe girizildi

08.01.2026|21:50||
20


Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň çäginde, deňizde ýelden elektrik energiýasyny öndürýän desga resmi taýdan işe girizildi. Bu desganyň işe girizilmegi deňiz şertlerinde täjirçilik maksatly ýel elektrik energiýasynyň öndürilmeginde täze öňegidişlikdir.

Döwlet eýeçiligindäki China Huaneng Group kärhanasy tarapyndan dolandyrylýan desganyň umumy öndürijilik kuwwaty 504 megawatt bolup, onuň düzümine hersiniň kuwwaty 12 megawat bolan 42 sany ýel turbina generatorlary girýär.

Deňiz kenaryndan takmynan 70 kilometr uzaklykda, 52 – 56 metr suw çuňlugynda ýerleşýän bu desga häzirki wagta çenli Hytaýda ulanyşa girizilen, deňizde ýelden elektrik energiýasyny öndürýän iň çuň täjirçilik desgasy bolup durýar.

Desgada ilkinji gezek dört sütünli diregler ulanyldy. Onuň beýikligi 83.9 metre ýetip, Hytaýda bu görnüşdäki diregleriň arasynda iň beýigi hasaplanýar hem-de çuň deňiz suwlarynyň çylşyrymly geologik şertlerinde ýel turbinalarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün edýär.