Hytaý dünýäde iň uly tiz eltip gowşuryş ulgamyny döretdi
Hytaý 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäşýyllyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän döwründe, özüniň gerimi we hyzmat edýän adamlarynyň sany boýunça dünýäde iň uly tiz eltip gowşuryş ulgamyny döretdi. Bu barada Hyraýyň Döwlet Poçta gullugy habar berdi.
Soňky bäş ýylda ýurduň poçta we eltip gowşuryş ulgamy durnukly ösüş gazandy. Pudagyň ýyllyk girdejisi 1 trillion 100 milliard ýuandan (ýagny 157 milliard 500 million ABŞ dollaryndan) 1 trillion 800 milliard ýuana (ýagny 257 milliard 700 million ABŞ dollaryna) çenli ýokarlanyp, ortaça ýyllyk ösüş 10 göterimden ýokary boldy.
Şol döwürde ýyllyk iberilýän bukjalaryň sany 80 milliarddan 200 milliarda golaýlady, adam başyna düşýän eltip gowşurmalar bolsa 59-dan 141-e çenli köpeldi.
“Tiz eltip gowşuryş ulgamynyň gerimi oba ýerlerine çenli giňeldi, halkara derejesindäki ulgamy bolsa häzirki wagtda dünýäniň esasy ykdysadyýetleriniň ählisini öz içine alýandyr. Ýurduň merkezi we günbatar sebitlerinde tiz eltip gowşuryş hyzmatlaryndan alnan girdejiniň paýy 5.4 göterim, eltip gowşurylan bukjalaryň möçberi bolsa 7.5 göterim ýokarlandy” diýip, Döwlet Poçta gullugynyň metbugat wekili Liu Ýin düşündirdi.
Şeýle-de, Hytaýyň poçta we eltip gowşuryş pudagy sanly we intellektual özgertmeleri çaltlaşdyrdy. Ugradylýan bukjalaryň saýhallanýan iri merkezlerinde müşderileriň isleglerini öňünden çaklamak, öňdebaryjy tehnologiýaly ammarlary dolandyrmak we eltip gowşurmak ugurlaryny meýilleşdirmek maksady bilen onlaýn hasaplamalary we emeli intellekt tehnologiýalary ýaly awtomatlaşdyrylan ulgamlar ornaşdyryldy. Bu çäreler hyzmatlaryň netijeliligini we hilini has-da ýokarlandyrdy.
