Hytaýyň raýat awiasiýa pudagy 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäşýyllyk maksatnamasy döwründe özüniň esasy gymmatlyklaryna jemi 630 milliard ýuan (ýagny 90 milliard 210 million ABŞ dollary) möçberinde maýa goýdy. Munuň 120 milliard ýuana golaýy diňe 2025-nji ýyla goýuldy diýip, Hytaýyň Raýat Awiasiýasyny Dolandyryş edarasy habar berdi.
2025-nji ýylda Guançžou we Çunsin ýaly iri şäherleriň howa menzilleri doly döwrebaplaşdyryldy. Lişui we Ruiszin şäherlerinde hem-de Barkol awtonom etrabynda bolsa täze howa menzilleri açyldy. Şeýle hem Pekin – Týanszin – Hebei sebiti bilen Çendu – Çunsin sebitini birleşdirýän esasy howa ýolunyň birinji tapgyry ulanyşa girizildi.
Hytaýyň Raýat Awiasiýasyny Dolandyryş edarasynyň maglumatlaryna görä, howa giňişligi has-da kämilleşdirildi we birnäçe möhüm howa ýollary hem-de uçuş ugurlary işe girizildi. 2025-nji ýylda Hytaýda 12 müň kilometrden gowrak täze howa gatnaw ugurlary açylyp, olaryň umumy uzynlygy 270 müň kilometrden geçdi. Wagtlaýyn ugurlar uçuş aralyklaryny 63 million 700 müň kilometre çenli gysgaldyp, howa gatnawlaryny dolandyrmagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrdy.
Soňky bäş ýylda ýurtda 49 sany täze uçuş zolagy, 2 müň 232 sany howa gämileri üçin duralgalar we 6 million 830 müň inedördül metr terminal meýdançasy ulanyşa girizildi. Netijede, ýolagçy howa menzilleriniň sany 270-e ýetip, olaryň ýyllyk kabul ediş mümkinçiligi 1 milliard 800 million ýolagçydan geçdi. Şol döwürde raýat awiasiýasy üçin ulanylýan howa gämileriniň sany hem 671 birlik artdy we jemi 4 müň 574-e ýetdi.