LG Energy Solution kompaniýasynyň Hytaýdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy, täze energiýa pudagy üçin Hytaý bazarynyň dünýäde iň uly we çalt ösýän bazardygyny belledi.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Meniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda, iki ýurduň arasynda ylmy-tehnologiki innowasiýa, daşky gurşawy goramak, ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça 15 sany hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekildi. Bu ädim ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegine bolan ynamy has-da pugtalandyrdy.
Dünýäde elektrik ulaglary üçin akkumulýator öndürijileriniň arasynda üçünji orunda durýan LG Energy Solution kompaniýasy, 2025-nji ýylda Hytaýyň gündogaryndaky Sziangsu welaýatynyň Nanszin şäherinde özüniň şahamçasyny açdy. Bu kompaniýa 10 milliard ABŞ dollaryna golaý möçberinde maýa goýmak bilen, şäherde 10 müňe golaý iş orunlaryny döretdi.
LG Energy Solution kompaniýasynyň Hytaýdaky şahamçasynyň prezidenti Çoi Szi Wun, China Global Television Network edarasynyň wekili bilen geçiren söhbetdeşliginde, Hytaýyň giň gerimli senagat infrastrukturasynyň we doly önümçilik zynjyrynyň bardygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, LG Energy Solution kompaniýasynyň Hytaýdaky şahamçasy, Hytaýy diňe bir giň bazar hökmünde däl-de, eýsem önümleri we tehnologiýalary synagdan geçirmäge, şeýle-de ýerli hyzmatdaşlar bilen uzak möhletli ösüşi gazanmaga mümkinçilik berýän möhüm meýdançadyr.