Hytaýyň poçta we tiz eltip gowşurma pudagy 2025-nji ýylda ösüş gazandy
Hytaýyň tiz eltip gowşurmak hyzmatlaryny öz içine alýan giňişleýin poçta aragatnaşyk ulgamy 2025-nji ýylda jemi 216 milliard 500 million sany bukjalary bellenen salgylara eltip gowşurdy we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 11.5 göterim ösüş görkezdi. Bu pudagyň umumy girdejisi 1 trillion 800 milliard ýuana (ýagny 257 milliard 600 million ABŞ dollaryna) barabar boldy we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6.4 göterim artdy. Bu barada Hytaýyň Döwlet poçta edarasy habar berdi.
Maglumatlara görä, 2025-nji ýylda poçta we tiz eltip gowşurmak hyzmatlary pudagy 14 trillion ýuandan (ýagny 2 trillion ABŞ dollaryndan) gowrak möçberde onlaýn bölek satuwyna ýardam berdi.
Ýurduň eltip gowşurmak ulgamy mundan beýläk-de giňelip, kämilleşmegini dowam etdi. Gündogar Hytaýdaky Ýanszy derýasynyň deltasy, günorta Hytaýdaky Guangdong-Gonkong-Makao Beýik Aýlag şäherler toplumy hem-de günorta-günbatar Hytaýdaky Çendu-Çunsin ykdysady zolagy ýaly iri ykdysady sebitlerde soňky poçta we tiz eltip gowşurmak hyzmatlaryny hödürleýän merkezler döredildi.
Şol bir wagtyň özünde, oba ýerlerinde hyzmatlaryň elýeterliligi gowulandy. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaý boýunça 13 müň utgaşdyrylan poçta-ulag ugurlary açyldy we 145 müň hyzmat nokatlary guruldy. Bu bolsa oba ýaşaýjylary üçin bukjalary kabul edip almak we eltip gowşurmak işini has ýeňilleşdirdi.
“Obamyzda hyzmat ediş nokady açylmazdan öň bukjalary almak üçin goňşy şähere gitmeli bolýardyk. Bu bolsa bir sagatdan gowrak wagtymyzy alýardy. Indi bolsa hyzmat ediş nokat bar bolanlygy sebäpli, bize ugradylan bukjany almaga diňe iki minut sarp edilýär. Şeýle hem ýerli önümlerimizi dostlarymyza we maşgala agzalarymyza ibermek has ýeňilleşdirilip, bukjalar iki ýa-da üç günüň dowamynda eýesine gowşurylýar” diýip, Hytaýyň Gansu welaýatynyň ýaşaýjysy Gu Runrun pikirini paýlaşdy.
Şunuň bilen birlikde, Hytaý halkara logistika ulgamynyň ösüşini tizleşdirdi. 2025-nji ýylda daşary ýurtlarda ýerleşýän ammarlaryň sany 374 ýetdi, şolaryň 41 diňe geçen ýylyň dowamynda açyldy. Onuň tutýan umumy meýdany 1 million 200 müň inedördül metrden gowrakdyr. Şol ýyl halkara we Gonkong, Makao hem-de Taýwan ugurlary boýunça ýollamalaryň möçberi 4 milliard 200 million sany bukjalara ýetdi we ortaça ýyllyk ösüş 18 göterimden ýokary boldy.
Pudak onlaýn söwda we sosial media esasynda elektron söwda ýaly täze sarp ediş ugurlaryna hem çalt uýgunlaşdy. Şeýle hem, sarp edijilik harytlary bilen bagly söwdalary goldap, 14 trillion ýuandan (ýagny 2 trillion ABŞ dollaryndan) gowrak möçberdäki onlaýn söwdanyň amala aşyrylmagyna itergi berdi.
Poçta aragatnaşygy önümçilik üpjünçilik zynjyrlarynda hem möhüm orun eýeledi. Ol saglygy goraýyş we täze energiýa ulaglary ýaly öňdebaryjy pudaklara hyzmat edýär. Öňdebaryjy logistika tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy tizleşdirildi, ýagny adamsyz dolandyrylýan ammarlaryň, dronlaryň we awtomatlaşdyrylan usulda iberiş ulaglarynyň ulanylyşy ýola goýuldy. Häzirki wagtda 450-den gowrak dron işleýär we ýylda 4 milliona golaý bukjany eltip gowşurýar.
Döwlet Poçta edarasynyň metbugat wekili Liu Ýiniň bellemegine görä, geljekde pudakda emeli intellekti poçta we tiz eltip gowşuryş hyzmatlaryna has giňden ornaşdyrmagy, täze hilli öndürijilik güýçlerini ösdürmegi hem-de ykdysady dolanyşygynda ýüze çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmagy maksat edinýärler. Şeýle hem milli logistika merkezleriniň gerimini giňeltmek we oba ýerlerindäki eltip gowşuryş ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek arkaly ýurduň merkezi we günbatar sebitlerindäki oba ýerlerine saldamly goldaw bermegi göz öňünde tutulýar.
