2021-nji–2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäş ýyllyk maksatnamasy döwründe Hytaýyň oba hojalyk önümleriniň eksportynda möçber taýdan hem, dürlilik we dünýä bazaryndaky paýy boýunça hem uly öňegidişlik gazanyldy, bu bolsa daşary söwdanyň birsydyrgyn ösmegine we oba ýerleriniň has-da işjeňleşmegine uly itergi berdi.
Gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky bäş ýylyň dowamynda oba hojalyk önümleriniň umumy eksporty artyp, onuň möçberi 2021-nji ýyldaky 544.34 milliard ýuandan (77.3 milliard ABŞ dollaryndan) 2024-nji ýylda 732.75 milliard ýuana (104 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi we 34.6 göterim ösüş görkezdi. Şu ýylyň ilkinji on bir aýynda Hytaýyň oba hojalyk önümleri dünýäniň 224 ýurduna eksport edildi.
Eksportyň geriminiň giňemegi oba hojalygynyň ösmegine we daýhanlaryň girdejileriniň artmagyna gönüden-göni oňyn täsir etdi hem-de halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda möhüm rol oýnady.
Hytaýyň oba hojalyk önümleriniň dünýä bazaryndaky orny ýurduň içinde ýerli derejede aýdyň görünýär. Soňky wagtlarda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Ninsia Hueý awtonom welaýatynyň Žunweý şäherinde ösdürilip ýetişdirilen kelemiň brokkoli görnüşi gaplanyp, Günorta-gündogar Aziýa ýurtlaryna we Malaýziýa iberildi. Häzirki günde Ninsia Hueý awtonom welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän gök önümler dünýäniň 28 ýurduna eksport edilýär.