Hytaýyň hyzmatlar pudagy ýylyň ilkinji 11 aýynda durnukly ösmegini dowam etdirdi, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň görkezijisi ýyllyk 5.6 göterim ýokarlandy.
Demir ýol ulaglary, pul-karz hyzmatlary we beýleki pudaklaryň işjeňliginiň noýabr aýyndaky görkezijileri 55 göterimden ýokary boldy.
Öňdebaryjy tehnologiýaly hyzmatlara goýlan maýa goýumlaryň möçberi ýylyň ilkinji 11 aýyn da 4.1 göterim artdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki ösüş depgininden 0.6 göterim ýokarydyr. Esasan hem, maglumat hyzmatlary pudaklaryna maýa goýumlary şu döwürde 29.6 göterim artdy.
Hyzmatlaryň bölekleýin söwdasy ýyllyk 5.4 göterim ýokarlandy we onuň möçberi bassyr üç aý harytlaryň bölekleýin söwdasyndan ýokary boldy. Medeniýet, sport, saglygy dikeldiş we aragatnaşyk hyzmatlary ýaly pudaklar hem ýylyň dowamynda yzygiderli ösüş görkezdi.
“Häzirki wagtda Hytaýyň hyzmatlar pudagy jemi içerki önümiň takmynan 60 göterimini we ýurduň ykdysady ösüşiniň hem 60 göterim töweregini düzýär, bu bolsa tutuş milli ykdysadyýetiň durnukly işlemegine uly goldaw berýär” diýip, Hytaýyň Milli ösüş we özgertmeler komitetiniň ýanyndaky Döwlet maglumatlar merkeziniň Makroykdysady ylmy-barlaglar bölüminiň direktorynyň orunbasary Zou Ýunhan düşündirdi.