Üstaşyr gatnawlar bilen Hytaýa wizasyz gelip gitmek syýahatçylaryň sanyny artdyrýar
Hytaýda 12 aý mundan ozal işe girizilen 240 sagatlyk wizasyz üstaşyr gatnaw bilen gelip gitmek mümkinçiligini döredýän maksatnama ýurda gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny ep-esli artdyrdy. Bu maksatnama hereket edip başlanyndan bäri Hytaýa 40.6 million töweregi daşary ýurtly myhmanlar geldi, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 27.2 göterim ýokarydyr, wizasyz gelip-gitmek mümkinçiliginden peýdalanýanlaryň sany bolsa 60.8 göterim artdy.
Ýurduň iri şäherlerinde syýahatçylyk uly ösüş görkezdi. Pekin şäheri 3.4 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçylary kabul etdi, (olaryň 55 göterimi wizasyz), Şanhaý şäheri 5.346 million syýahatçylary kabul etdi (olaryň 56 göterimi wizasyz) we Guançžou şäheri 3.2 milliondan gowrak daşary ýurtly myhmanlary kabul etdi (olaryň 57 göterimi wizasyz). Beýleki welaýatlarda hem bu pudak boýunça uly ösüşler gazanylandygy barada habar berildi, ýagny Siamen şäherine gelip-giden syýahatçylaryň sany öňkülere garanyňda üç esse, Liaoning şäherine gelen myhmanlaryň sany 5.7 esse artdy. Soňky 12 aýyň dowamynda Hunan welaýatynyň Çanşa we Çžansiasie şäherlerine wizasyz gelip-giden daşary ýurtly syýahatçylaryň sany öňki dokuz ýylyň jemi sanyndan hem ýokary boldy.
“Üstaşyr gatnawlar bilen wizasyz gelip gitmek mümkinçiligi, syýahatçylyk we iş maksatlary bilen Hytaýa gelýän daşary ýurtlylaryň sanyny ep-esli artdyrdy“ - diýip, Milli Immigrasiýa Müdiriýetiniň daşary ýurtlular bilen işleşmek bölüminiň başlygynyň orunbasary Liu Sia aýtdy. Ol, 240 sagatlyk wizasyz gelip gitmek maksatnamasynyň hereket edip başlany bäri, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, syýahatçylygyň 55 göterim artandygyny belledi.
Ýurda girişi ýeňilleşdirmek maksady bilen Pekin, Şanhaý we Guançžou portlarynda ýörite zolaklar açylyp, ol ýerde hyzmatlar köp dillerde elýeterli edildi we deklarasiýalary elektron görnüşinde doldurmak ýaly oňaýly mümkinçilikler döredildi.
Hytaýda 2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda daşary ýurtly syýahatçylaryň rugsatly ýurtda bolmak möhleti öňki 72 we 144 sagatdan 240 sagada çenli uzaldyldy. Belli talaplara laýyk gelýän 55 ýurtdan gelen syýahatçylar, Hytaýyň 24 welaýatynda 65 sany port arkaly ýurda girip bilýärler, we indiki bir ýurda gitmezden öň olar 240 sagada çenli wizasyz ýurtda galyp bilerler.
