Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Harbindäki buz heýkelleri dünýäniň iň uly “Buz we Gar” seýilgähine görk berýär

18.12.2025|20:24||
19

 



Hepdäniň çarşenbe güni Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Heilonsian welaýatynyň “Buzly şäher” diýlip atlandyrylýan Harbin şäherinde “Buz we Gar” atly dünýäniň iň uly dynç alyş seýilgähi açyldy. Bu ýere gelýän myhmanlar dürli görnüşdäki we ululykdaky geň-enaýy buz heýkellerini synlap, wagtlaryny hoş geçirýärler.

Harbinde 27-nji gezek geçirilýän “Buz we Gar dünýäsi” atly çäresi 1.2 million inedördül metr meýdanda gurnalandyr. Buz heýkellerini döretmek üçin 400000 kub metr göwrümde buz we gar gerek boldy. Bu ýylky çäre “Buz we Gar – Ertekiler Dünýäsi” ady bilen geçirilýär.

Bu seýilgäh üç sany esasy tebigat peýzažlary boýunça gurnalandyr. Olaryň arasynda uly göwrümli köpçüligiň göwnüni açyjy bezegler, açyk howadaky sahna we 5000 inedördül metre golaý meýdany tutýan howalanyp duran desga bardyr. Mundan başga-da, bezeg işlerinde “akylly” yşyklandyryş we emeli intellekt ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar giňden ulanylandyr.

Seýilgähde köp sanly şowhunly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr. Olaryň arasynda Harbin halkara buz we gar baýramçylygynyň açylyş dabarasy, halkara buz heýkelleriniň bäsleşikleri, garda oýnalýan futbol we buzda oýnalýan hokkeý oýunlary, şeýle hem Hytaý täze ýylynyň öňüsyrasynda baýramçylyk konsertleri geçiriler.

Seýilgäh açylan güni agşam sagat 18:00-a çenli bu ýere eýýäm 45000 töweregi myhmanlar geldi. Bu bolsa Hytaýyň janyňy heýjana getiriji gyşky baýramçylygyna köpçüligiň uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýändir.