Hytaýyň nebit we tebigy gaz önümçiligi 2025-nji ýylda ýokary derejä ýetdi
Hepdäniň duşenbe güni geçirilen milli energiýa işleri boýunça maslahatda Hytaýyň nebit we tebigy gaz önümçiligi 2025-nji ýylda täze ýokary derejä ýetendigi, ýagny 215 million tonna nebitiň we 260 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň öndürilendigi barada habar berildi.
Maslahatyň dowamynda, Milli Energiýa Müdiriýetiniň başlygy Wang Honži 2025-nji ýylda Hytaýda energiýa howpsuzlygynyň kepillendirilendigini we işleriň netijeli bolandygyny, 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäş ýyllyk maksatnama döwründe ýokary öndürijilik görkezijilerine ýetilendigini aýtdy. Gyzgalaňly tomus möwsüminde energiýa üpjünçilik meseleleri üstünlikli çözüldi. Bu möwsümde energiýanyň has köp sarp edilen ýagdaýlaryň sany 2024-nji ýyldakydan 20 gezek köp boldy.
Wang Honži energiýa serişdeleriniň biri-biriniň üstüni ýetiriş we özara goldaw beriş derejesiniň ýokarlanýandygyny, şol bir wagtyň özünde energetika ulgamynyň howpsuzlyk ýagdaýynyň durnuklydygyny aýtdy.
Onuň aýtmagyna görä, Hytaý döwleti milli energiýa akymyny sazlamaklyga hem-de welaýatara we sebitara energiýa geçiriş ulgamlarynyň gurluşygyna uly üns berýär.
Hytaý 2026-njy ýylda kömür önümçiliginiň durnuklylygyny we elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny gazanmak, nebit we gaz önümçiligini artdyrmak hem-de üpjünçiligi ýokarlandyrmak, şeýle hem energiýa magistral kanallarynyň has oňaýly ýerleşişini ýola goýmak we energiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak arkaly energiýa howpsuzlygyny has-da pugtalandyrar diýip, Wang Honži belledi.
