2025-nji ýylda halkara ýagdaýynyň çylşyrymly bolmagyna garamazdan, Hytaýyň ykdysadyýeti umuman durnukly ösdi we innowasiýalarda hem-de ýokary hilli ösüşde täze üstünlikleri gazandy.
Hytaýyň ykdysadyýeti 2025-nji ýylda öň görülmedik kynçylyklar we meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Nyrhlaryň täsiri bilen bütindünýä söwdasynda bökdençilik döredilen wagty, Halkara Pul Gaznasy, Bütindünýä Banky ýaly halkara maliýe guramalarynyň köpüsi ähliumumy ykdysady ösüş boýunça çaklamalaryny peseltdiler.
Şu ýyl Hytaýyň ykdysadyýeti hil taýdan netijeli kämilleşmäni we möçber taýdan saldamly ösüşi gazandy. Ýylyň üç çärýeginiň jemleri boýunça JIÖ 5,2 göterimde yzygiderli ösdi. Ýylyň jemi boýunça ykdysady görkezijiniň takmynan 140 trillion ýuana (≈19,8 trillion ABŞ dollary) ýetmegine garaşylýar. Hytaýyň ähliumumy ösüşdäki paýy ýylyň jeminde takmynyn 30 göterim boldy, bu hem gaýtadan bütindünýä ykdysadyýetiň dikelmegine täze itergi berdi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň (OECD) dekabr aýynda çap eden “Ykdysadyýetiň Ýagdaýy” atly hasabatynda Hytaýyň 2025-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny 4,9 göterimden 5% göterime deňeç ýokarlandyrdy.
YHÖG-nyň Hytaýdaky wekili Tamas Hajba Hytaýyň ykdysadyýetini “durnukly” we “özgertme” ýaly möhüm sözler bilen häsiýetlendirdi.
“Men ilki bilen “durnukly” diýen sözi bilen başlardym. Daşarky täsirleriň çylşyrymlygyna, nyrhlara we daşary söwda babatyndaky basyşlara garamazdan, Hytaýyň ykdysadyýeti ýokary netijelilik görkezdi. Ýylyň üç çärýeginiň jemleri boýunça 5,2 göterim ösüş gazanyldy. Ikinji möhüm söz hem “özgertme”. Hytaý häzirki wagtda diňe ýaşyl we sanly özgertmelerde däl, eýsem senagat gurluşyny hem doly täzeden guraýar” diýip, ol aýtdy.
14-nji Bäş ýyllyk meýilnama üstünlikli tamamlanyp barýarka, Hytaý ösüş derejesinde täze sepgitlere ýetirýär. Emeli aň, sanly ekizler ýaly ösen tehnologiýalar Hytaýyň önümçiligini täze derejä çykaryp, häzirki wagtda soňky akylly zawodlar iri önümçilik pudaklarynyň 80 göterimden gowragyny öz içine alýar.
Guangdong–Gonkong–Makao Beýik Aýlag sebiti boýunça Dür derýasynyň kenarynda ýerleşýän 10-dan gowrak uly ylmy desgalar dünýäniň innowasiýa serişdelerini özüne çalt çekýär. Bu ýyl Şençzhen–Gonkong–Guangžou innowasiýa klasteri dünýäde öz toparynda iň ulusy boldy.
Hainan Erkin Söwda Porty 18-nji dekabrdan başlap adanyň ähli ýerinde ýörite gümrük ulgamyny ýola goýar. Bu hem täze döwürde dünýä ýurtlaryna gönükdirilen möhüm geçelgedir.
Hytaýyň takyk makroykdysady dolandyryş çäreleri 2025-nji ýylda ykdysadyýeti has durnuklaşdyrdy. Salgyt syýasaty “işjen” derejesinden “has-da işjeň” derejesine geçip, 1,3 trillion ýuan (takmynan 183,8 mlrd ABŞ dollary) möçberinde aýratyn uzak möhletli gazna obligasiýalary emissiýa edildi. Pul-karz syýasaty bolsa “akylly” derejesinden “biraz çeýe” ugry boýunça sazlandy. Bu has işjeň we netijeli makroykdysady syýasat ýyllyk ykdysady maksatlara ýetmek üçin berk binýady döretdi.
2025-nji ýylda bol hasyla garaşylýar. Bu bolsa oba ýerlerini gaýtadan dikeltmek syýasatyna kuwwat berer. Şäher we oba ýaşaýjylarynyň girdeji aratapawudy hasam peseler.
Energiýa çeşmeleri bilen üpjünçilik yzygiderli gowlandyryldy. Tomus aýlarynda iň ýokary sarp ediliş döwründe Hytaýyň elektroenergiýa ulgamy taryhda iň ýokary dört ösüş derejesiniň talaplaryna laýyk gelip, 1,4 milliardan gowrak raýatyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etdi.
Daşary söwda durnukly ösdi. Ýylyň 11 aýynyň jemi boýunça harytlaryň eksport-import möçberleri yzygiderli 3,6 göterim artdy. Hytaý dünýäniň möçberi boýunça iň uly haryt söwdasyny alyp barýan ýurt hökmündäki ornuny berk saklamagyny dowam edýär.
“Bu ýyl eksport amallarynyň ösüşi garaşylýanyndan has ýokary boldy. Eksport JIÖ 1,5 göterim ösüş goşmagyny dowam edýär. Bu bolsa Hytaýyň ykdysady ösüşine täsir edýän täsirleriň pugtalanýandygyny görkezýär” diýip, Hytaý Jemgyýetçilik Ylymlar Akademiýasynyň alymy Sýu Kiýuan habar berdi.
Hytaýyň açyk bazar syýasaty we özgertmeleri 2025-nji ýylda has-da çuňlaşdy. “Hususy ykdysadyýeti goldamak hakyndaky Kanun” kabul edildi we bazara girmek boýunça oňaýsyz täsirini ýetirýän halatlaryň sanawy 106 görnüşe çenli azaldy. Bu döwürde Hytaý 76 ýurt bilen wizasyz ýa-da wizadan doly boşadylan ylalaşyklary gazandy.
Döwrebap senagat ulgamynyň gurluşygynda täze hilli öndürijilik güýçleriniň durnukly ösmegi bilen birlikde tizleşdi. Ýylyň üç çärýeginde, JIÖ-niň her birligine düşýän energiýa sarp edilişi we bellenen ölçegden ýokary kärhanalaryň (ýyllyk esasy iş dolanyşygy azyndan 20 million ýuan ýa-da 2,8 million ABŞ dollary bolanlar) goşulan gymmatlyk birligine düşýän energiýa sarp edilişi ýylyň dowamynda kemelmegini dowam etdirdi. Uglewodorod däl energiýanyň sarp edilişiniň paýy geçen ýyldaky degişli döwür bilen deňeşdirilende 1,7 göterim artdy.
“Täzelik” ugruna bolan meýiller artýar. Hytaýyň innowasiýa indeksi 2025-nji ýylda ilkinji gezek dünýäde iň gowy 10 sany ýurduň arasynda bolup, täze öndürijilik güýçleri ykdysady ösüşiň täze hereketine öwrüldi. Ilkinji 10 aýda iri ýokary tehnologiýaly önümçilik pudagynyň 9,3 göterime, sanly senagat kärhanalarynyň ösüşi bolsa 9,5 göterime ýetdi.
2025-nji ýylda sarp ediş Hytaýyň ykdysady ösüşine täsirini ýetirýän öňdebaryjy güýç bolup galmagyny dowam edýär. Ýylyň üç çärýeginiň jemi boýunça soňky sarp ediş çykdajylary ösüşe 53,5 göterim goşant goşdy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim ýokarydyr. Ýylyň 11 aýynda satyn alyş maksatnamalary degişli harytlaryň satuwyny 2,5 trillion ýuandan (takmynan 353,5 mlrd ABŞ dollary) gowrak artdyrdy. Hyzmat sarp edilişiniň yzygiderli kämilleşmegi bilen täze medeni we syýahat hyzmatlary peýda boldy.