Aýda infrastruktura gurmak üçin ilkinji “Aý topragyndan öndürilen kerpiçler” Ýere getirildi
Hytaýyň älem stansiýasynyň daşynda bir ýyllap saklanyp, synagdan geçirilen “Aý topragyndan öndürilen kerpiçleriň” ilkinji tapgyry Ýere getirildi. Bu ädim Aýda infrastruktura gurmak mümkinçiligini has-da ýakynlaşdyrdy. Synag üçin alnan nusgalyklar geçen hepde Şençžou-21 astronawtlary bilen bilelikde Ýere getirilipdi.
Alymlar bu kerpiçleriň älem stansiýasynyň daşynda saklanan döwri hiç hili ýaramaz täsire sezewar bolman, kadaly ýagdaýda galandygyny, ýöne reňkleriniň biraz agarandygyny tassykladylar. 2030-njy ýyla çenli astronawtlary Aýa gondurmagy hem-de 2035-nji ýyla çenli Halkara Aý ylmy-barlag stansiýasynyň esasy infrastrukturasyny gurmagy maksat edinýän Hytaý döwletiniň Aý maksatnamasy üçin bu örän ähmiýetli öňegidişlikdir.
Her biriniň agramy 100 gram töweregi bolan 34 sany kerpiç, Aýdan alnan topragy ulanyp, ony gyzgynlykda basyş arkaly şekile getirip, mikrotolkunly peçde bişirmek arkaly ýasaldy we olaryň berkligi adaty kerpiçleriň berkliginden üç esse ýokarydygy anyklandy. Älemde saklanmagynyň netijesinde kerpiçleriň mehaniki häsiýetlerine ýeten täsiri, onuň ýylylyk häsiýetleri hem-de radiasiýa durnuklylygyny öwrenmek üçin Ýerdäki alymlar tarapyndan synaglar geçirildi. Aýda infrastruktura gurmak üçin bu geçirilýän ylmy işleriň ähmiýeti örän uludyr.
Bu ylmy-barlag işleri Tiançžou-8 stansiýasyndan Tiangon stansiýasyna 74 sany kerpijiň getirilmegi bilen başlanypdy. Taslama boýunça meýilleşdirilen üç ýyllyk ylmy-barlag işleriniň dowamynda her ýyl kerpiçleriň bir tapgyry Ýere getirilip, olar synaglar geçiriler. Bu ylmy-barlag synaglar şol kerpiçleriň 5, 10 ýa-da 20 ýyldan soň Aýda nähili ýagdaýda boljakdygyny öwrenmäge alymlara mümkinçilik berer.
Hytaý alymlary Aýda mekan tutmak üçin ol ýerdäki bar bolan serişdelerden peýdalanmagy meýilleşdirýär we olar bu maksat üçin özara baglanyşykly “mortise-tenon” kerpiç dizaýnlaryny öwrenýärler. “Uzagyndan bu kerpiçler Hytaýyň Aýdaky mekanyny – “Guanhan köşgüni” gurmaga kömek edip biler” diýip, ylmy işgär Žou Ýan düşündirdi.
