Hytaýda 5100-den gowrak ekologiýa taýdan arassa magdan käni açyldy
Hytaýyň Tebigy baýlyklar ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda welaýat we ondan ýokary derejelerde 5100-den gowrak ekologiýa taýdan arassa magdan käni açyldy. Şunuň esasynda ýurtda tebigy baýlyklary gorap saklamakda hem-de olary peýdaly ulanmakda, daşky gurşawy goramakda, energiýany tygşytlamakda we atmosfera bölünip çykýan zyýanly gazlary azaltmakda uly netijeler gazanyldy.
Ministrligiň maglumatyna görä, şu ýylyň ilkinji 10 aýynda Hytaýda welaýat we ondan ýokary derejelerde 300-den gowrak ekologiýa taýdan arassa magdan känleri işläp başlady.
Häzirki wagta çenli tutuş ýurt boýunça 1054 sany milli derejeli ekologiýa taýdan arassa magdan känleri we 4055 sany welaýat derejesindäki ekologiýa taýdan arassa magdan känleri bar, bu bolsa ygtyýarnama esasynda işleýän känleriň umumy sanynyň 40,8 göterimini düzýändir.
“Hytaý döwleti ekologiýa taýdan arassa magdan känleriniň ulgamyny giňeltmek boýunça köp sanly energiýa serişdeler binýadyny we tebigy baýlyklaryny gazyp alyş zolaklaryny döretdi we munuň netijesinde magdan känlerini özleşdirmek we tebigy baýlyklary peýdaly ulanmakda öňegidişlik gazandy. Ýurt boýunça iri we orta göwrümli magdan känleriniň sany 50 göterimden gowrak, olaryň önümçilik kuwwaty bolsa 80 göterimden geçýär. Mundan başga-da, gaýtadan işlemek tehnologiýasynda we enjamlary öndürmekde täzelikler bolup, serişdeleriň toplumlaýyn ulanylyşynda umumy ösüş gaazanyldy” diýip, ministrligiň tebigy baýlyklaryny goramak we olara gözegçilik etmek bölüminiň müdiri Huan Sueksion habar berdi.
