Şanhaýyň esasy portundan geçirilýän awtoulaglaryň sany 1 milliona ýetdi
Hepdäniň duşenbe güni berlen maglumatlara görä, Şanhaýyň Nangang portundan geçirilen awtoulaglaryň sany 1 milliona ýetdi, bu bolsa geçen ýylky umumy görkezijiden ep-esli ýokarydyr.
Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän “ro-ro” atly, ýagny “mündür/düşür” atly esasy awtoulag terminaly özüniň çalt tertipde tigirli ulaglary geçirijilik mümkinçiligi esasynda awtoulag öndürijileri hem-de agyr ýük ulaglaryny öndürijiler üçin wajyp geçelgä öwrüldi.
Ýangşan gözegçilik-geçiriş gümrük nokadyndaky serhet gözegçilik işgäriniň ýerli telewideniýe bilen geçiren söhbetdeşliginde, terminala gelip gidýän gämileriň we ýüklenip-düşürilýän awtoulaglaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny habar berdi.
“Nangang porty şu ýyl 742 sany gämileri kabul etdi, “mündürilip/düşürilip” geçirilen awtoulaglaryň sany 1 milliona ýetdi. Portuň üstünden amala aşyrylan daşary söwda boýunça awtoulaglaryň importy we eksporty geçen ýyl bilen deňeşdirilende 40 göterimden gowrak artdy, eksport bolsa 37 göterim artdy” diýip, gözegçilik-barlag işgäri Wang Ženwei habar berdi.
