Si Szinpin Gonkongdaky ýangyn heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çarşenbe güni Gonkongda bolup geçen ýangyn heläkçiliginden azyndan 13 adamyň pida bolmagy sebäpli gynanç bildirdi.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary Si Szinpin pida bolanlaryň maşgalalaryna we bu betbagtçylykdan ejir çekenlere gynanç bildirdi. Ol ýangyny öçürmek hem-de bu heläkçilik bilen bagly ýitgileri azaltmak üçin haýal etmän ähli zerur çäreleri görmekligi tabşyrdy.
Si Szinpin bu ýangyn heläkçiligini üns merkezinde saklamak bilen, geçirilýän halas ediş işleri, pida bolanlar hem-de ejir çekenler baradaky maglumatlaryň gyzgyny bilen berilmegini sorady.
Si Szinpin Gonkongyň Ýörite Administratiw welaýatyndaky Merkezi Halk Häkimiýetiniň Aragatnaşyk edarasynyň direktoryna, Gonkongyň Ýörite Administratiw welaýatynyň baş ýerine ýetiriji direktory Jon Li-ýe öz adyndan gynanç we duýgudaşlyk bildirilmegini tabşyrdy.
Ol Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Gonkongdaky we Makaodaky edarasyna we aragatnaşyk bölümine, ýangyny öçürmek, gözleg we halas ediş işlerini geçirmek, şikes alanlary bejermek we ýangyndan pida bolanlaryň maşgalalaryna goldaw bermek tagallalarynda Gonkongyň Ýörite Administratiw welaýatynyň häkimiýetine zerur bolan goldawy bermekligi tabşyrdy.
