Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Hytaýyň Siansu welaýatynda 100-den gowrak gyşlaýan guwlar görüldi

27.11.2025|18:32||
8


Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän Siansu welaýatyndaky lotus kölüne 100-den gowrak gyşlaýan tundra guwlary gonup, bu ýeriň tebigatynyň gözelligine janly keşp berdiler.

Ýançeng şäheriniň Sianhu etrapçasynda 33 gektar töweregi meýdany tutýan suwly-batgalyk meýdany şular ýaly ajaýyp guşlar üçin uzak ýolda dynç alyş gonalga ýa-da gyşlamaga mesgen bolup hyzmat edýär. Guwlar gamyşlaryň arasynda öz höwürleri bilen göwnihoş oýnamak bilen, asudalykda oturan bu ýerlere jan girizýärler.

Guwlaryň döredýän şeýle gözelligi guşlaryň hereketini synlaýan ornitologlary we tebigaty surata alýan höwesjeňleri özüne çekýär.

“Men bu ýerlere köp gezek gelipdim, esasanam men guwlaryň Sianhu gelmegine garaşýadym” diýip, höwesjeň suratçy Su Žengian aýdýar.

Bu kölüň öran owadan tebigy gurşawy, özüne maýyl ediji suw çeşmeleri guwlaryň iýmitlenmegi hem gyşlamagy üçin rahat tebigy meýdany bolup hyzmat edýär.

“Şu ýyl golaýda biz gözleg-gözegçilik işlerini geçirdik we uçup gelýän tundra guwlarynyň 154 sanysyny hasaba aldyk. Olar ýylyň şol bir wagty gelip gonýarlar. Gyşyň dowamynda bu ýerlere uçup gelýän tundra guwlarynyň sany barha artýar. Bu ýeriniň tebigy şertleri guwlaryň gyşlamagy üçin öran oňaýlydyr” diýip, Ýançeng guşlara gözegçilik ediş birleşiginiň başlygy Žou Çensi aýtdy.