Hepdäniň şenbe güni Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinsian-Uýgur awtonom welaýatynyň Baýingolin Mongol awtonom etrabynda geçirilen at çapyşygyna 200-den gowrak atlar gatnaşdy.
Badalgadaky germewler açylan dessine, bedewler ok ýaly atylyp çykdy, bat alan bedewleriň toýnaklarynyň astyndan çykan tozan bulut bolup, asmana göterildi.
“Men Şandongdan geldim. Men bu ýere 1600 metr we 2000 metr aralykdaky çapuw ýaryşlaryna gatnaşmak üçin geldim. Men bu ýaryşa alty aýlap taýynlandym we ýaryş geçirilýän ýeri gowy öwrenmek üçin 20 gün öňünden geldim. Bu ýerde men köp sanly ökde çapyksuwarlar bilen tanyşdym hem-de bu ýaryşda men gowy netije gazanmagy umyt edýärin” diýip, ýaryşa gatnaşmaga gelen çapyksuwar Liu Siankaý öz pikirini paýlaşdy.
Hepdäniň ýekşenbe güni tamamlanan bu çärede birnäçe synag bäsleşikleri, ýagny tizlikde ýaryşmak, ýöremek bäsleşikleri hem-de atlaryň garyşyk tizlik bäsleşikleri ýaly köp sanly ýaryşlar geçirildi.