Penşenbe güni Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Hytaýyň robototehnika pudagyndaky çalt ösüşine we Hytaý bilen Serbiýanyň öňdebaryjy ugurlardaky hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.
Aleksandr Wuçiç 24-28-nji maý aralygynda Hytaýa özüniň ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Saparynyň öňisyrasynda Wuçiç muny syýasy karýerasyndaky iň möhüm döwlet sapary diýip atlandyrdy.
Serbiýanyň Prezidenti Çžeszýan welaýatynyň Szýasin şäherindäki robot öndürýän kärhanalara baryp gördi. Ol ýerde robotlar içgileri garyşdyrýardylar, bloklardan gurluşyk gurýardylar we kalligrafiýa işlerini ýazýardylar. Aleksandr Wuçiç robotlaryň ulanylyş ssenariýalaryna, şol sanda dört aýakly robotlaryň ýük ýükleýiş işlerini ýakyndan syn etdi, hatda robotlar bilen özi hem stol üstüniň oýunlaryny oýnady.
«Bu edil 22-nji asyr ýaly. Hytaý senagatynyň ösüşini, “Minth” zawodynyň robototehnika bilen nähili işleýändigini görenime örän begendim. Biz örän gysga wagtyň içinde bu robotlaryň käbirini Serbiýada öndürip başlamagymyz meni diýseň şatlandyrýar» — diýip, Aleksandr Wuçiç belledi.
Şu ýylyň fewral aýynda Aleksandr Wuçiç Hytaýyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda Ýewropada ilkinji iri göwrümli adam şekilli robotlary öndürýän binýadyň dörediljekdigini mälim etdi.
Serbiýanyň Prezidenti, şeýle hem, serbiýaly resmi wekilleri bilen Hytaýyň dört kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda ylalaşyklaryň gol çekiliş dabarasyna gatnaşdy. Bu resminamalar ýokary tehnologiýalar pudagyna, awtoulag şaýlarynyň önümçiligine we öňdebaryjy senagat ugurlaryna 900 million ýewrodan gowrak täze iri maýa goýumlarynyň goýulmagyna badalga berdi.
Saparyň dowamynda Aleksandr Wuçiç Serbiýanyň ösüşine berýän goldawy üçin Hytaýa birnäçe gezek minnetdarlyk bildirdi we Hytaýyň kompaniýalarynda emeli aňy öwrenýän serb ýaşlaryny ruhlandyrdy. Şeýle hem Aleksandr Wuçiç Hytaý-Serbiýa ýaşlar medeni alyş-çalyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
«Bu ýerde köp zat öwrenýän we bu adamlaryň ýurdumyzyň geljegidigine düşünýän ýaş serbiýalylary görüp, buýsanýaryn. Olar öz bilimlerini Serbiýa alyp bararlar. Goldawlary üçin hytaýly dostlarymyza, doganlarymyza köp sag bolsun aýdýaryn» — diýip, Aleksandr Wuçiç belledi.