Hepdäniň sişenbe güni Hytaýyň demirgazyk künjegindäki Harbin-Ýiçun ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşyk işleri tamamlandy.
Uzynlygy 318 kilometr bolan bu demir ýoly Harbin, Ýiçun we Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heilonsian welaýatynyň beýleki şäherlerini birikdirýän gatnaw ýoly bolar.
Göwnejaý düşelen sepsiz polat ýollary otlynyň sagatda 250 kilometre çenli tizlikde hereket etmekligi hem-de ýolagçylaryň rahat gatnamaklary üçin gurlandyr.
Ulanyşa berilmegi bilen, bu demir ýol ugrunyň, Harbin bilen Ýiçun arasyndaky ýoly geçmek wagtyny häzirki ýedi sagatdan takmynan iki sagada çenli azaltmagyna garaşylýar.
Bu şäherleriň ikisi hem syýahatçylaryň göwün söýen ýeridir - Harbin şäheri ýylda geçirilýän buz baýramçylygy bilen bellidir, Ýiçun şäheri bolsa özüniň tokaýlygy we haýwanat dünýäsi bilen at alan ýerdir.
Hytaý döwleti umumy uzynlygy 48 000 kilometre barabar, häzirki wagtda dünýäde iň uzyn bolan ýokary tizlikli demir ýol ulgamyny gurdy. Bu ulgam ilaty 500 000-den gowrak bolan şäherleriniň 97 göterimine hyzmat edýär.
Ýurduň çäginde hereket edýän ýokary tizlikli demir ýollarynyň uzynlygyny 2030-njy ýyla çenli 60 müň kilometre ýetirmek göz öňünde tutulýar.