Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Hytaýyň raýat awiasiýa pudagy oktýabr aýynda öňegidişlik görkezdi

26.11.2025|21:54||
14


Hepdäniň sişenbe güni berlen resmi habarlara görä, oktýabr aýynda Hytaýyň raýat awiasiýa pudagy öňegidişlik gazandy. Bu ösüş halkara ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň artmagy hem-de ýük daşamak hyzmatlaryna bolan islegiň durnukly bolmagy bilen baglanyşyklydyr.

Oktýabr aýynda howa gatnawlarynyň umumy dolanyşygy 14,6 milliard tonna-kilometre ýetdi, halkara ýolagçy gatnawlarynyň we ýük daşalşynyň möçberleri ýyllyk görkezijide 20 göterimden gowrak artdy.

Şeýle hem oktýabr aýynda 60,8 milliondan gowrak ýolagçy ýerli awiakompaniýalaryň hyzmatyndan peýdalandylar, bu 4,4 göterim ösüşi görkezdi. Halkara howa gatnawlarynda bolsa 6,99 million ýolagçy hasaba alnyp, bu 20,4 göterim ösüşe barabar boldy.

Ýük daşamaklygyň we poçta gatnatmaklygyň möçberi aýlyk görkeziji boýunça rekord derejä – 900 000 tonna ýetdi, şol sanda içerki ugurlar boýunça 518 müň tonna ýük daşalyp, bu 8,1 göterim ösüşi, halkara gatnawlarynda bolsa 399 müň tonna ýük gatnadylyp, 21 göterim ösüşi görkezýändir.

Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyndan oktýabr aýy aralygynda Hytaýyň raýat awiasiýa pudagy 136,63 milliard tonna-kilometr möçberde howa gatnawlaryny amala aşyrdy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10,3 göterim ösüşi görkezýändir.

Halkara ýolagçy gatnawlarynyň 23,2 göterim artmagy bilen umumy ýolagçy gatnawlary 5,3 göterim ýokarlandy.

Geçen 10 aýyň dowamynda ýük daşamaklygyň we poçta gatnatmaklygyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13,9 göterim ýokarlandy.