Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 12-nji maýda, Pekinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) baş direktory Haled al-Anani bilen duşuşyk geçirdi.
Si Szinpin Hytaýyň ÝUNESKO-nyň işini işjeň goldaýandygyny we taraplaryň bütin dünýäde parahatçylygy saklamak hem-de ählumumy ösüşe ýardam bermek üçin bilelikde köp işleri bitirendigini belledi. Hytaý dünýä halklarynyň bähbidine ÝUNESKO bilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyr.
Si Szinpin Hytaýyň hemişe hakyky köptaraplylyk ýörelgesine ygrarlydygyny, BMG-niň abraýyny goldaýandygyny we goraýandygyny, şeýle hem ÝUNESKO-nyň ählumumy dolandyryşda möhüm orun eýelemeginiň tarapdarydygyny nygtady. Hytaý tarapy dünýäniň ähli ýurtlarynyň halklarynyň bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky gazananlary paýlaşyp bilmekleri, adamzat jemgyýetiniň öňünde duran umumy wehimlere has netijeli garşy durmaklary hem-de bütindünýä jemgyýeti bilen bitewi ykbal bileleşigini bilelikde gurmaga ýardam bermekleri üçin dört sany ählumumy başlangyjy durmuşa geçirmek maksady bilen, ÝUNESKO bilen bilelikde işlemäge taýýardyr.
Haled al-Anani, öz gezeginde, ÝUNESKO-ny uzak wagtyň dowamynda yzygiderli we tutanýerli goldandygy üçin Hytaýa minnetdarlyk bildirdi. Onuň sözlerine görä, ÝUNESKO bilimiň we medeniýetiň ählumumy derejesini ýokarlandyrmak, ylym we tehnika ulgamyndaky alyş-çalyşlary höweslendirmek, emeli aň babatynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, şeýle hem dört sany ählumumy başlangyjy bilelikde durmuşa geçirmek we tutuş adamzadyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin Hytaý bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegi umyt edýär.