Dört aýda 400 müň elektromobil, özünde gurlan kruiz gämisi, C919 uçary we gapysyny açman içindäki önümleri görüp bolýan sowadyjy
Bu barada — Şanhaý portundan, Huasýanbeý bazaryndan we önüm öndürijilerden taýýarlanan reportažda gürrüň berilýär.
Hytaý brendleri indi beýlekileriň yzyndan ýetmän, eýsem olardan öňde barýar. Olaryň önümleri diňe bahasy bilen däl, eýsem tehnologiýasy, amatlylygy we hatda dizaýny bilen hem ünsi çekýär.
Şençžendäki Huasýanbeý bazarynda italiýaly alyjy açyk aýtdy: tehnologiýa şeýle köp welin, başyň aýlanýar. Emma täsiri — örän gowy.
Şanhaý portunda her gün 4000-den gowrak hytaý elektromobili gämilere ýükläp ugradyrylýar. Diňe dört aýyň dowamynda şu bir portdan 400 müňden gowrak awtoulag eksport edildi.
Emma Hytaý dünýäni diňe tigirler bilen däl, başga ugurlarda hem haýran galdyrdy. Ýurduň özünde gurlan ilkinji kruiz gämisi eýýäm 700 müňe golaý ýolagça hyzmat etdi. C919 ýolagçy uçary täjirçilik gatnawlarynda uçýar. CR450 ýokary tizlikli otlulary bolsa rekordlary täzeleýär.
Ýene-de esasy zady görkezýän iki mysal bar. Awstraliýa üçin hytaýlylar aç-açan penjireli sowadyjy öndürdi — gapysyny açman önümleri görmek bolýar. Ýakyn Gündogar üçin bolsa selsiý boýunça +68 gradus yssylykda işleýän kondisioner döredildi.
Hisense dünýäniň dürli ýurtlarynda tehnikany ýerli şertlerde öndürmek üçin 30 ylmy merkezi we 37 zawody döretdi. Şu ýyl bolsa kompaniýanyň daşary ýurtlardan gelen sargytlary 20 göterim artdy.
Iň esasy hem — şu ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň serhetara elektron söwdasynyň möçberi 818 milliard ýuana ýetdi.
Bu diňe sanlar we üstünlikli önümler ýaly görünip biler. Emma biraz oýlanyp göreliň. Eger hytaýlylar Awstraliýa üçin sowadyjy, çöl üçin kondisioner we öň hiç wagt öndürmedik kruiz gämilerini ýasamagy başaran bolsalar — ertir olar ýene näderejä çenli baryp bilerler? Iň esasy sorag bolsa şu: dünýä “hytaý önümi” bilen “premium” düşünjesiniň arasyndaky tapawudy haçan düýbünden duýmaz? Görnüşine görä, şol pursat eýýäm gelip ýetdi. Ýöne biz muny dessine duýmandyrys.