350 metr uzalýan köçede 800 söwda çadyry, 13 million ýuan girdeji, mugt saç bejermek we ähli isleg bildirýänler üçin sahna
Bu barada — Çžeszýan welaýatynyň Iu şäherindäki Santin köçesiniň gijeki bazaryndan taýýarlanan reportažda gürrüň berilýär.
Iu şäherini dünýäde ownuk harytlaryň paýtagty diýip atlandyrýarlar. Şol şäherdäki Santin köçesiniň gijeki bazary bolsa garaňky düşenden soň hökmany baryp görülmeli ýere öwrüldi.
Bazaryň uzynlygy takmynan 350 metr. Bu ýerde 800-den gowrak söwda çadyry işleýär. Olar iki esasy bölüme bölünýär: gündelik ulanylýan harytlar we restoranlar.
Bu Iu şäheriniň iň köne gijeki bazarydyr. Bu ýerde möwsümleýin moda futbolkalardan başlap, owadan saç aksessurlaryna we monjuklara çenli ähli zady tapmak bolýar. Şeýle hem Hytaýyň dürli sebitlerinden we dünýä ýurtlaryndan tagamlar hödürlenýär.
Şu ýylyň maý baýramçylygynyň bäş günlük döwründe Santin köçesiniň gijeki bazaryna 350 müňden gowrak adam baryp gördi. Söwdadan alnan girdeji 13 million ýuana — ýagny takmynan 1,8 million amerikan dollaryna golaýlady. Iki görkeziji hem rekord derejä ýetdi.
Daşary ýurtly myhmanlaryň biri şeýle täsirini paýlaşdy:
“Aslynda, bu ýerde bolmak örän ýakymly. Hemmäniň söwda edip ýörşüni görmek, adamlaryň şat bolup, söwdadan lezzet alýandyklary örän gowy duýgy döredýär”.
Laý familiýaly myhman şeýle diýdi:
“Beýleki gijeki bazarlarda adatça diňe iýmit ýa-da güýmenje bolýar. Emma bu bazarda iýmitden başlap egin-eşige çenli ähli zat bar. Saýlaw örän uly”.
Santin köçesiniň gijeki bazarynda diňe söwda we iýmit nokatlary däl, eýsem dürli çäreler hem yzygiderli geçirilýär. Bazaryň ýolbaşçylygy ýerli ýaşaýjylar bilen bilelikde ähli isleg bildirýänleri sahnada çykyş etmäge çagyrýar.
Şeýle hem bazarda alty görnüşli hoşniýetli hyzmatlar hödürlenýär. Olaryň arasynda mugt saç bejermek we kitap alyş-çalşygy hem bar. Bu bolsa myhmanlara gezelenç edip, tagam dadýan mahaly aýratyn ýakymly mümkinçilik döredýär.
Yiwu Market Development Group kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Szýan Weý şeýle aýtdy:
“Biz bazarymyzda her aý ýatdan çykmajak çäreleriň we möwsümleýin temaly aksiýalaryň geçirilmegini üpjün edýäris. Sarp ediş mümkinçiliklerini yzygiderli täzeleýäris. Şol bir wagtyň özünde baýrakly oýunlar we kuponlar ýaly alyja gönükdirilen çäreleri hem girizýäris. Şeýlelikde her bir adam Iu şäheriniň gijeki bazarynyň özboluşly gözelligini — onuň halkara öwüşginini we joşgunly ýerli ruhuny hakyky duýup biler”.
Dünýäniň “Täze ýyl oýnawaçlarynyň we sowadyjy magnitleriniň fabrigi” hökmünde tanalýan şäheri diňe önüm öndürmek bilen çäklenmän, adamlary haýran galdyrmagy hem başarýar eken. Bäş günüň dowamynda 350 müň adam söwda merkezini ýa-da attraksion seýilgähini däl-de, iýip-içip, futbolka satyn alyp, kitap çalşyp, mugt saç bejermek, hatda sahna çykyp bolýan çadyrly köçäni saýlady.
Hytaýyň gijeki bazary indi diňe söwda edilýän ýer däl. Bu — hakyky tomaşa. Bu ýerde her kim hem satyjy, hem tomaşaçy, hem-de baş gahryman bolup biler. Rekord görkezijilere seredeniňde bolsa, adamlaryň bu görnüşi örän halandygy aýdyň görünýär.