50 müň kwadrat metr, 800-den gowrak kärhana, surat çap edýän robot-barista we hirurgiýa üçin lukmançylyk robotlary.
Bu dünýäniň içine “CCTV+” reportažy bilen göz aýlamaga synanyşalyň.
Anna güni Pekinde açylan 28-nji Hytaýyň halkara ýokary tehnologiýalar sergisinde köpsanly döwrebap innowasiýalar esasy orun eýeledi. «Tehnologiýalar ösüşler bilen öňe ilerleýär, innowasiýalar geljegi kemala getirýär» diýen şygar astynda geçýän sergi ýekşenbe gününe çenli dowam eder.
Takmynan 50 müň kwadrat metr meýdany tutýan sergi Hytaýdan we beýleki ýurtlardan 800-den gowrak kärhanadyr edaralary özüne çekýär. Ekspozisiýa alty sany ýöriteleşdirilen bölümi öz içine alýar: maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş, ýaşyl we pes uglerodly ösüş, intellektual önümçilik, sanly ykdysadyýet we sebit innowasiýalary. Sergä gelenleriň täze önümleri ýakyndan öwrenmäge we olar bilen göni gatnaşykda bolmaga mümkinçiligi bar.
Awstraliýaly myhman Samir Babar «Men kofe taýýarlaýan roboty gördüm. Onuň diňe bir gowy kofe taýýarlaman, eýsem surat hem çap edip bilýändigine düşündim. Şol sebäpli men oňa aýalymyň suratyny çap etmegi sargyt etdim» diýip, öz täsirlerini paýlaşdy.
Sergide ilkinji gezek meşhur ylym zolagy döredildi, ol gelýänlere oba hojalygyndan we syýahatçylykdan başlap, saglygy goraýyşa çenli bolan öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmagyň täsirli tejribesini hödürleýär.
Belarusly Sergeý Worobýew «Men olaryň ulanylyşyny, aýratyn-da, lukmançylyk robotlaryny gördüm. Olar bejergi we hirurgiýa üçin örän peýdaly» diýip, belledi.
Şeýle hem, taslamalary gözlemek üçin onlaýn-sanly platforma işe girizildi, bu bolsa sergini halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň «tükeniksiz» meýdançasyna öwürýär.
1998-nji ýylda işe girizileninden bäri, bu sergi eýýäm 27-nji gezek geçirilýär. Şu günki günde ol Hytaýyň tehnologik innowasiýalaryna açylýan esasy penjire we ählumumy derejede hyzmatdaşlyk üçin iň uly meýdançadyr.
Nirede? Ine, şu taýda. Gelejege wada berenoklar — ony görkezýärler. Hatda oňa el degirmäge hem mümkinçilik berýärler. Robot kofe demleýär, aýalyňyzyň suratyny çap edýär, gapdalynda bolsa hirurga ömür halas etmäge kömek etjek enjamlar dur. Bu fantastika däl. Bu Hytaý. Bu Pekin sergisi. Şu gün.