Gämi önümçiligi 46% artdy, täze sargytlar —üç essä golaý köpeldi, käbir ugurlar boýunça Hytaýyň dünýä bazaryndaky paýy 80%-den geçdi.
Bu barada CCTV+ reportažynda.
Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň şenbe güni çap eden soňky maglumatlaryna görä, Hytaýyň gämi gurluşyk pudagy şu ýylyň birinji çärýeginde dünýädäki öňdebaryjylygyny saklap galdy. Bu döwürde sargytlaryň sany, önümçilik göwrümi we halkara bazaryndaky paýy boýunça örän uly ösüş hasaba alyndy.
Maglumatlar şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda Hytaýyň 15,68 million dedweýt tonna gämi gurluşygyny tamamlanyndygyny görkezýär, bu bolsa geçen ýylyň görkezijisinden 46 göterim köpdür. Jemi gurlan gämileriň 96,1 göterimi eksport üçin niýetlenen gämilerdir. Täze sargytlar 195,2 göterim ýokarlanyp, 59,53 million dedweýt tonna ýetdi, mart aýynyň ahyryna çenli sargytlaryň umumy bukjasy bolsa 322,3 million dedweýt tonna barabar boldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 43,6 göterim köpdür.
Hytaýyň milli gämi gurluşyk senagaty assosiasiýasynyň wise-prezidenti Li Ýansin «Birinji çärýekde biziň önümçilik göwrümimiz, täze sargytlarymyz we sargyt bukjamyz aýdyň ösüşi görkezdi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, täze sargytlaryň sany düýpli artdy, bu bolsa Hytaýyň ösüşiniň durnuklylygyny we kuwwatyny tassyklaýar. Bazaryň hytaý gämi gurluşygyna bolan ynamynyň artmagy, aýratyn-da, biziň üpjün edýän durnuklylygymyz we ynamlylygymyz ählumumy durnuksyzlyk döwründe örän ähmiýetlidir» diýip, belledi.
Birinji çärýekde Hytaýyň önümçilik göwrümi, täze sargytlary we sargyt bukjasy dünýä bazarynyň degişlilikde 57,3 göterimini, 84,9 göterimini we 69,8 göterimini emele getirdi. Gämi görnüşleriniň esasy 18 sanysynyň 15-si boýunça Hytaý täze sargytlaryň göwrümi esasynda dünýäde öňdebaryjylygy eýeledi. Uly göwrümli gämiler barada aýdylanda bolsa, Hytaý çig nebiti daşaýan örän uly tankerler, uly awtoulag daşaýjy gämiler, gury ýük daşaýan gämiler we göwrümi 10 müň TEU-dan geçýän konteýner daşaýan gämiler boýunça halkara sargytlaryň 90 göteriminden gowragyna eýe boldy.
Bilermenler Hytaýyň gämi gurluşyk görkezijileriniň ýylyň ahyryna çenli dünýäde öňdebaryjy bolup galjakdygyny çaklaýar.