Dört aýda rekort derejedäki 885,34 milliard ýuan, 19,4 göterim ösüş, 53 ýurt üçin gümrük paçsyz düzgün.
“CCTV+”-iň bu repotražynda düşünmäge synanyşalyň.
Hytaý-afrika ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy yzygiderli giňelýär, şunda iki tarapyň arasyndaky söwda dolanşygy şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda rekord derejä ýetdi.
Baş gümrük müdirligi tarapyndan şenbe güni neşir edilen maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda Hytaýyň Afrika ýurtlary bilen importy we eksporty 885,34 milliard ýuana ýetdi, bu geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 19,4 göterim köpdür.
Baş gümrük müdirliginiň statistika we seljeriş bölüminiň direktory Lýu Dalýan «Şu ýylyň ilkinji dört aýynda Hytaýyň Afrikadan importy geçen ýyla garanyňda 11,2 göterim ösdi we yzly-yzyna sekiz aýlap ösüşi görkezýär. 1-nji maýdan başlap Hytaý diplomatik gatnaşyklary bolan 53 sany afrika ýurdy üçin gümrük paçsyz düzgüni girizdi. Häzirki wagtda erkin syýasatyň çäginde Afrikadan alma, apelsin we awokado ýaly möwsümleýin oba hojalyk önümleri üçin gümrük deklarasiýasyny resmileşdirildi. Örän uly bazary bilen Hytaý Afrikanyň ösüşi üçin täze mümkinçilikler döredýär we Hytaýyň ilatyna hem-de Afrikanyň ilatyna has köp peýda getirýär» diýip, mälim etdi.
Hytaýyň daşarky söwdasy 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 14,9 göterim ösüp, 16,23 trillion ýuana ýetdi. Ýurduň eksporty geçen ýyla garanyňda 11,3 göterim ösüp 9,33 trillion ýuana, import bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterim ýokarlanyp 6,9 trillion ýuana deň boldy.
«Näme üçin?» diýen soraga jogap diňe sanlarda däl. Ol logikada: Hytaý özüniň ägirt uly bazaryny açýar, Afrika bolsa önümlerine durnukly isleg gazanýar. Bu indi diňe bir söwda däl. Bu iki tarapyň hem üstünlik gazanýan hyzmatdaşlygynyň täze nusgasydyr.