Samsung

Tehnologiýalar

27.03.2025 12:35
510
Türkiýe Respublikasynyň Türk Telekom Döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy türk smartfonlaryny işläp taýýarlamak boýunça taslamanyň ýola goýulandygy barada habar berdi. Ol “Milli we ýerli kommunikasiýa enjamlary” atly has giň başlangyjyň bir bölegi bolar.
26.03.2025 16:05
543
SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemra Internet-ulgamy üçin täze antennany döretmek boýunça işler geçirýär. Ol maglumatlary häzirki bar bolan tizliklerden 200 Mbit/s möçberinde artýan tizlikde geçirmäge mümkinçilik berer.
19.03.2025 13:58
447
Hytaý döwlet hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin DeepSeek modelini ulanmak arkaly şäher dolandyryşyna emeli añ tehnologiýalaryny ornaşdyrýar. Girizilýän bu täzeçilik dolandyryşyñ netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de raýatlaryñ ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen has giñ sanly transformasiýa strategiýasynyñ bir bölegi boldy.
18.03.2025 12:05
478
Alphabet holdingi tarapyndan döredilen Taara kompaniýasy lazer tehnologiýasy arkaly barmasy kyn bolan ýerleri Internet-birikmesi bilen üpjün etmekde täze çemeleşme bolup durýar. Bu kompaniýa "X ýaýraýan tehnologiýalar fabrikasyndan" tapawutlanyp, SpaceX-iñ meşhur Starlink hemra hyzmat ediş ulgamy bilen bäsdeş bolmaklygy maksat edinýär. Bu barada The Financial Times britan gazeti habar berýär.
15.03.2025 12:10
350
Apple kompaniýasy Air Pods nauşnikleri üçin möhüm täzeleniş taýýarlaýar. Olar beýleki dillere sinhron terjime funksiýasyny öz içine alar.
13.03.2025 10:55
521
Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy Xiaomi Buds 5 Pro atly dünýäniň ilkinji Wi-Fi nauşniklerini çykarmaga taýýarlanýar.
12.03.2025 14:27
473
Dünýäniň awiasiýa, kosmos we tehnologiýa boýunça TEKNOFEST iri festiwaly nobatdaky gezek gerimini giňeldip, 2025-nji ýylyň tehnologiýa ýaryşlaryny hödürleýär! Bäsleşikler ýaş zehinleri geljegiň tehnologiýalaryny döretmäge çagyrýar. Bäsleşigiň baýrak gaznasy 45 mln türk lirasy bolup, maddy kömek baýragy bolsa 75 mln-dan gowrak türk lirasy möçberinde teklip edilýär. Haýyşnamalaryň kabul edilşigi 2025-nji ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder.
11.03.2025 12:15
475
Monica hytaý startapy dolulygyna awtonom ýagdaýda işleýän Manus atly dünýäniň ilkinji emeli aň kömekçisi bilen tanyşdyrdy. South China Morning Post gazetiniň habar berişi ýaly, ol çylşyrymly ýumuşlary çözmek babatyndaky çemeleşmeleri özgerder.
10.03.2025 12:30
535
Belarus Respublikasynyň Milli statistika baradaky komiteti (Belstat) 2030-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwynda emeli aňy (EA) ulanmak meýilleri barada habar berdi.
07.03.2025 12:15
434
Barselonada tamalanan dünýäniň ykjam enjamlar senagatynyň Mobile World Congress iri sergisinde GlocalMe kompaniýasy PetPhone atly özboluşly enjamyny görkezdi. Ol bolsa öý haýwanlar üçin döredilen dünýäniň ilkinji smartfony boldy.