Samsung

Sport

28.01.2025 16:00
374
China Eastern Airlines iri hytaý awiakompaniýasy Hytaýyň iri şäherleriniň howa menzillerinde ýedi sany resmi geliş we gidiş hyzmat etmek merkezlerini açdy. Bu başlangyç 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda Hytaýyň Heýlunszýan demirgazyk welaýatynyň paýtagty Harbinde IX Gyşky Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwri awia ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin gönükdirilen.
28.01.2025 03:25
248
Türkmenistanyň türgenleri Hytaýyň Harbin şäherinde geçiriljek 9-njy gyşky Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýärler. Ýurtda bäş ýyl töweregi wagt bäri ösýän şort-trek sportynyň wekilleri Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş eder
26.01.2025 14:10
539
Türkmenistandan FIFA-nyň emini Resul Mämmedow 17-nji fewralda “Persepolis” (Eýran) bilen “Al-Nasr” (Saud Arabystany) toparlarynyň arasynda geçiriljek 2024-25 AFK Çempionlar ligasynyň toparçasynyň jemleýji oýnuna eminlik etmäge çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
25.01.2025 20:45
583
Aşgabatda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ligasynyň ýaryşy tamamlandy, ýagny milli çempionatyň abraýly ýokary ligasyna gatnaşmak üçin saýlama tapgyryna öwrüldi
22.01.2025 17:10
697
Türkmenistanyň Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) eminleri 20-24-nji ýanwar aralygynda Daşkentde geçirilýän Merkezi Aziýa futbol Birleşmesiniň (CAFA) eminler üçin gurnan seminaryna gatnaşýarlar. «Husma» myhmanhanasynda geçirilýän seminara CAFA agza ýurtlardan 23 emin we 2 synçy gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň futbol Federasiýasy habar berýär.
22.01.2025 16:35
561
Şwesiýaly Emil Ulsson we Frederik Nilsson ("Spin Duo") 13 sagat, 37 minut we 6 sekuntlap üznüksiz stol tennisi oýnap, dünýä rekordyny goýdylar. Ginnesiň Rekordlar Kitaby bu üstünlik bilen täze sanawy doldurdy diýip, United Press International habar berýär.
22.01.2025 15:39
734
Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynda ýerleşýän Harbin şäherinde IX gyşky Aziýa oýunlarynyň ody ýakyldy.
21.01.2025 14:32
519
19-njy ýanwar agşamsyna Monakodaky Kazino meýdançasynda Ralli boýunça dünýä çempionatynyň 2025-nji ýyl möwsümi dabaraly ýagdaýda başlady. Ýolbaşçylar, hyzmatdaşlar, sürüjiler we şturmanlar 93-nji Ralli Monte-Karlo ýaryşynyň öň ýanynda tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek hem-de pikir alyşmak üçin ýygnanyşdylar.
20.01.2025 15:27
485
Hytaýyň Çanszi uniwersitetiniň 23 ýaşly talyby 1 minutda ýüpde towusmak boýunça dünýä rekordyny täzeledi diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berildi. Ol muny 388 gezek etdi, bu sekuntda 6 gezekden köpräk towsandygyny aňladýar
20.01.2025 14:57
123
Ýurduň dokuz gezek çempiony bolan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” hokkeý kluby milli çempionatda ýene bir gezek ynamly ýeňiş gazandy.