Samsung

Sport

13.02.2024 10:28
1240
Halkara sport ussady Merdan Ataýew, sport ussady Musa Žalaýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Anastasiýa Morginştern, sport ussatlygyna dalaşgär Aýnura Primowa Katar Döwletiniň paýtagtynda geçiriljek suw sport görnüşleri boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik edýärler.
12.02.2024 09:59
1230
Türkmen hokkeýçileri iki möhüm waka şaýat bolarlar. Olaryň dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň we ulularyň arasynda saýlama ýaryşa gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
09.02.2024 21:03
1409
2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda Pariž şäherinde geçiriljek 33-nji Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medallary resmi taýdan tanyşdyryldy.
09.02.2024 19:28
1609
Aşgabatda 14, 16 we 18 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň nusgawy küşt bäsleşigi jemlendi. Bu ýerde medallar toplumynyň 6-sy ugrunda duşuşyklar geçirildi.
09.02.2024 00:24
749
Özbegistanyň Ýeňil atletika federasiýasy 8-nji fewralda geçiren metbugat ýygnagynda 21-nji aprelde altynjy gezek geçiriljek Daşkent halkara marafonyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
08.02.2024 15:02
1266
Kataryň ýygyndy topary Aziýanyň Kubogynyň ýarym finalynda Eýrandan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Katarlylaryň düzüminde toplary 17-nji minutda Jassem Abdulsallam, 43-nji minutda Akram Afif we 82-nji minutda Ali Almoes 11 metrlik jerime urgusyndan derwezä girizdiler. Eýranlylar 4-nji minutda Serdar Azmunyň we 51-nji minutda Alireza Jahanbahşyň girizen pökgüleri bilen jogap berdiler.
07.02.2024 16:43
1550
Sişenbe güni, 6-njy fewralda «Al-Raýýan» stadionynda Iordaniýanyň ýygyndy topary taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogynyň finalyna çykdy. Iordaniýalylar Günorta Koreýanyň toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykdylar.
06.02.2024 12:33
1167
3-nji fewralda Aziýanyň Kubogynda çärýek finalda Kataryň we Özbegistanyň ýygyndy topary duşuşdylar. Kataryň “El-Baýt” stadionynda geçen oýun esasy we goşmaça wagtda 1:1 hasaby bilen tamamlandy. 11 metr aralykdan jerime urgusyny ýerine ýetirmekde katarlylar 3:2 hasaby bilen üstün çykdylar.
05.02.2024 17:38
1280
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun - 19-njy iýul aralgynda geçiriler. Çempionat täzeçil düzgüne laýyklykda geçiriler. Oňa gatnaşjak toparlaryň sany 32-den 48-e çenli artdyrylar, oýunlaryň sany hem 64-den 104-e çenli köpeldiler.
03.02.2024 20:43
1724
Aşgabadyň Küşt-şaşka mekdebinde Türkmenistanyň ýaş küştçüleriniň arasynda iň iri möçberdäki ýaryş tamamlandy. 8, 10 we 12 ýaş derejelerinde geçirilen Türkmenistanyň birinjiligine 6 - 12 ýaş aralygyndaky ýaş türgenleriň 310-sy gatnaşdy.