Türkmen talyby jiu-jitsu söweş sungaty boýunça Ukrainanyň kubogyna mynasyp boldy
Merkeziukrain Milli tehniki uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň raýaty Rustam Rahmankulow şu ýylyň 27-29-njy sentýabr aralygynda Ukrainanyň Günbatar sebitinde ýerleşýän Karpat diýen ýerinde geçirilen Jiu-Jitsu söweş sungaty boýunça Ukrainanyň kubogynda 1-nji baýraykly orna mynasyp bolup, altyn medal gazandy.