Samsung

Medeniýet

07.11.2023 11:00
2561
Türkmenistanyň ýaş ýerine ýetirijileri “Ýylyň parlak ýyldyzy” estrada aýdymçylarynyň milli bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bäsleşik, Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda zehinli aýdymçylary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.
05.11.2023 20:09
745
Azerbaýjanyň döwlet akademiki sazly teatrynda TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalynyň ýapylyş we baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
05.11.2023 19:40
772
Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda ýekşenbe güni myhmanlary kabul etdi - Russiýa Federasiýasynyň Milli jebislik gününi birnäçe çäreler bilen bellediler, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary baýramçylyga we şol bir wagtyň özünde Russiýanyň dürli sebitleriniň medeniýetine we senetçiligine bagyşlanan ýörite ussatlyk sapaklara gatnaşdylar. TASS-yň habarçysy Oleg Pawlenko festiwala baryp gördi we **[reportažynda](https://tass.ru/obschestvo/19208037)** bular barada gürrüň berdi.
05.11.2023 02:00
1369
9-10-njy noýabrda Sankt-Peterburgda ýeňil senagaty we moda önümçiligi halkara forumy geçiriler diýip, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň sekretariatynyň metbugat gullugy habar berýär.
04.11.2023 14:58
729
Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezi, 10-njy noýabrda «Merkezi Aziýanyň öwüşgüni: şäher we çarwa zergärligiň modasy» ady bilen leksiýa geçirer. Ol Merkezi Aziýanyň zergärçilik sungatyna bagyşlanar.
04.11.2023 14:52
1185
Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda "Syýasy we medeni giňişlikde milli kompozitorçylyk mekdebini kemala getirmegiň meseleleri" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
03.11.2023 10:46
818
14 — 16-njy noýabrda Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçiriler.
01.11.2023 18:58
596
TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň döwlet teatrlarynyň Direktorlar geňeşiniň 10-njy mejlisi geljek ýyl Änew şäherinde geçiriler. Degişli çözgüt Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen degişli Geňeşiň 9-njy mejlisinde kabul edildi diýip, "Report" neşiri habar berýär.
30.10.2023 17:34
1070
TV BRICS halkara media ulgamy Russiýa, Hytaý we beýleki BRICS + ýurtlaryndan iň oňat sazandalaryny öz içine aljak täze simfoniki orkestriň döredilendigini habar berdi.
30.10.2023 16:57
1142
Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň 8-sinde çap edilýän "Open Central Asia Magazine" halkara žurnalynyň täze sany türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy.