Samsung

Medeniýet

21.06.2024 23:30
1160
Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dowam etdirilýar. Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu mowzuga bagyşlanan makala Ukrainanyň maliýe-ykdysady hepdelik gazeti – «Ukraine Business Review» gazetiniň nobatdaky sanynda ýerleşdirildi
15.06.2024 20:45
669
Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” Moskwa halkara festiwalynyň guramaçylyk komiteti geçen döwrüň tanymal türkmen zenan aýdymçylarynyň hormatyna ýörite baýraklary döretdi diýip, festiwalyň art-direktory Mämmet Guseýnow habar berdi.
15.06.2024 04:15
1036
Anna güni Hökümetiň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndylary Arkadag şäheriniň taryh we ülkäni öwreniş muzeýine bermek baradaky teklibi beýan etdi.
14.06.2024 09:07
547
Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň katalogy taýýarlanylýar. Bu barada “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi.
06.06.2024 09:45
545
14-nji iýunda Ýaponiýanyň Sukuba şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler.
03.06.2024 10:48
826
Türkiýe Respublikasynyň Ýozgat şäheriniň merkezi seýilgähinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy gurnaldy.
31.05.2024 12:35
558
2024-nji ýylyň 23-30-njy maýy aralygynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Ukrainanyň Çagalar milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” atly suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikleriň sergisi geçirildi.
30.05.2024 00:02
2650
Türkmenistanly suratçy, suratkeş Ahmet Hallyýew 2024-nji ýylyň 25-28-nji apreli aralygynda Türkiýäniñ Adyýaman şäherinde geçirilen halkara "Commagene Foto” sammite gatnaşdy.
27.05.2024 01:15
898
Balkanabadyň Çagalar suratkeşlik mekdebiniň okuwçysy Hatyja Gurbanowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelerden ruhlanyp, nusgawy şahyryň suratyny çekdi.
26.05.2024 21:20
1413
Sungata başgaça tarapdan serediň. Muňa bagyşlanyp ýakynda Magtumguly Garlyýewiň adyny göterýän Daşoguzyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn çekişme geçirildi. Gatnaşanlaryň arasynda bu bilim edarasynyň esasy mugallymy Dilaram Ahmedowa, kompozitorlar Aýgül Annamammedowa, Saparmyrat Baýlyýew we beýlekiler bar.