"Magtymguly Pyragy" filmi Nýu-Ýorkda görkezildi
Ýakynda Nýu-Ýorkdaky medeni çäreleriň mahabatlaryny ýerleşdirýän birnäçe saýtda "Magtymguly Pyragy" atly filmi görkeziljekdigi barada maglumat peýda boldy. Bu görkeziliş, Manhettende ýerleşýän 36 gatly Türkewi Türk Öýüniň binasynda geçiriler. Bildirişler ähli sungat we kino muşdaklaryny, 21-nji ýanwarda geçiriljek medeni agşama çagyrdy. Bu agşamda, "Gorkut Ata" Halkara kino festiwalynyň baş baýragyna mynasyp bolan hem-de Özbegistan bilen Türkmenistanyň kinematografistleriniň bilelikdäki işi bolan "Magtymguly Pyragy" filmi görkezildi