25-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent Irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri institutynyň talyplaryny önümçilik tejribesini geçmek üçin kabul edýär
25-nji iýunda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim bolan ähmiýetli waka bolup geçdi
Bahar Aýdogdyýewa Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda özüniň diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-de ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) täze bellenen Ýerine ýetiriji direktory Batyr Mamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Dialogda daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Halk diplomatiýasy we dogan şäherleriniň forumy 3-5-nji iýul aralygynda Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Lýaonin welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Şenýan şäherinde geçiriler.
23-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Energetika ministrliginiň we Döwlet energetika institutynyň wekillerini öz içine alýan türkmen wekiliýeti tanyşlyk sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna geldi