Samsung

Ekodünýä

22.08.2023 09:08
1540
Daşoguz welaýatynyň suw gözleýji toparynyň hünärmenleri Boldumsaz we Akdepe etraplarynyň ilatly ýerlerini bökdençsiz suw bilen üpjün etmek üçin sebitde ýerasty suwlaryň çeşmelerini öwrendiler. Bu barada “Nebit-gaz” gazeti habar berýär.
20.08.2023 23:33
1228
Russiýanyň Leningrad oblastynyň Nižne-Svirskiý döwlet goraghanasynda tebigatda seýrek duş gelýän adaty bolmadyk kömelekler tapyldy. Olaryň biri – gana çalymdaş gyzyl suwuklygy bölüp çykarýan “ganly diş” ýa-da Pekiň Gidnellumydyr.
17.08.2023 23:38
1200
Bişkekdäki her bir agajyň özboluşly «lukmançylyk kartasy» bolar - Gyrgyzystanyň paýtagtynyň häkimligi we «Arça» jemgyýetçilik gaznasy ilkinji gezek şäheriň ýaşyl meýdançalarynyň elektron inwentarizasiýasyny açdy. Sanawda käbir agaçlaryň mukdary, geoýerleşişi, görnüşleri, suwaryşy we ol ýa-da beýleki agaçlaryň ýagdaýy baradaky maglumatlar giriziler diýip, vesti.kg habar berýär.
16.08.2023 21:22
880
ABŞ-nyň Energetika ministrligi howany kömürturşy gazdan arassalamak üçin howany göni tutma (direct air capture, DAC) taslamalaryny giňeltmäge 1,2 milliard dollar bölüp berer - diýip, Reuters agentligi habar berýär.
08.08.2023 10:58
1172
Ýaponiýada saparda bolan ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümindäki Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlary seýsmiki töwekgelçilikleri peseltmek ulgamynda ýapon kärdeşleriniň tejribesini öwrendiler. Sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy. Bu taslama iň täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Aşgabatda seýsmiki howpa toplumlaýyn baha bermegi göz öňünde tutýar.
03.08.2023 13:19
3321
Ýurdumyzda böwürsleniň köpçülikleýin ýetişýän döwri başlandy. Bu ösümlik maý aýynda güllemäge başlaýar we şu pursatdan başlap tä ýetişýänçä reňkini üýtgedip durýar. Ýurdumyzda bu ir-iýmiş dag çeşmeleriniň we beýleki suw howdanlarynyň bar ýerine giňden ýaýrandyr diýip «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.
02.08.2023 20:33
1313
2023-nji ýylda adamlar gaýtadan dikeldilýän tebigy baýlyklaryň şertli ätiýaçlyklaryny sarp etdiler diýip, çarşenbe güni, 2-nji awgustda ABŞ-nyň «Ekologiki yzyň global ulgamy» daşky gurşaw guramasy, GFN habar berdi. Bu barada DW ýazýar.
31.07.2023 14:55
2004
Türkmenistanyň günorta-günbatarynda 20 ýyl gözlegden soňra ozal Türkmenistanyň ösümlik dünýäsinden ýitip giden diýlip hasaplanýan ösümligiň görnüşi – ýabany german muşmulasy tapyldy. Ony barmasy kyn bolan dag böleginde tapdylar.
29.07.2023 11:47
2539
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ekology Hojamyrat Hojamyradow Köýtendag sebitinde guşlaryň biziň çäklerimizde duş gelmeýän täze görnüşini surata aldy. Alymlar bilen geçirilen söhbetdeşlikden soň, bu guş görnüşiniň biziň ýurdumyzyň çäklerine täze gelendigi belli boldy.
26.07.2023 15:55
1197
Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, daşky gurşawy goramak, maliýe, ykdysadyýet, babatyndaky, statistika edaralarynyň we beýleki ugurlaryň hünärmenleri BMG-nyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen ýerden we suwdan netijeli peýdalanmak boýunça taslamalaryň ýerine ýetirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.