Samsung

Wakalar

16.06.2025 00:38
525
2025-nji ýylyň awgust aýynyň başynda, Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenaryndaky Awazada geçiljek, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty (LLDC) dünýäniň üns merkezinde bolar
14.06.2025 05:25
329
13-nji iýun, anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda içerki we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy şeýle hem ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli pudaklary ösdürmek barada möhüm kararlar kabul edildi
13.06.2025 22:00
355
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Eýranyň ilatly ýerlerine we desgalaryna alama aşyran raketa urgulary bilen baglanyşykly resmi beýanat bilen çykyş etdi
13.06.2025 12:16
410
Şu gün Bişkekde Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýanyň analitik merkezleriniň ikinji Forumy öz işine başlady. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiň ýanyndaky Milli strategiki başlangyşlar instituty we Koreýa gaznasy (Koreýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy forumynyň sekretariaty) tarapyndan gurnalan bu ähmiýetli çäre alty ýurtdan strategiki barlaglar merkezleriniň wekillerini bir ýere jemledi: Koreýa Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan
13.06.2025 09:30
366
Daşary ýurtlarda ýaşaýan fransuz raýatlarynyñ isleglerine wekilçilik edýän Fransiýanyñ senatory Samanta Kazebon 2025-nji ýylyñ 23-24-nji iýunynda Türkmenistana resmi sspar bilen geler.
13.06.2025 06:15
332
Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
12.06.2025 23:57
301
Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Sergeý Lawrow geljek hepde Sankt-Peterburgda geçiriljek PHYF-iň çäginde geljekki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 12-nji iýunda, penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň temalarynyň üstünde durlup geçildi
12.06.2025 22:40
325
17-nji iýunda Gazagystanyň paýtagty Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” II sammiti geçiriler. Bu barada Gazagystanyň KHBS Akorda salgylanyp habar berýär. Oňa alty ýurduň döwlet Baştutanlary gatnaşar: Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan
12.06.2025 01:10
325
Türkmenistanyň bugdaý meýdanlarynda galla oragyna badalga berildi we 11-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow galla oragynyň depgini bilen tanyşmak üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň bugdaý ekilen meýdanlaryna baryp gördi. Bu sapar döwlet Baştutanynyň oba hojalyk toplumyny ösdürmäge we türkmen daýhanlarynyň abadançylygyna hemişe üns berýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi
11.06.2025 23:45
401
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkin FR DIM-niň ýolbaşçysynyň ýakyn wagtda Aşgabada boljak sapary barada habar berdi