Çarşenbe güni, 4-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda oba hojalygy we nebithimiýa önümleri satyldy.
3-nji sentýabrda Stokgolmda DIM derejesindäki türkmen-şwed syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdiler.
Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok, Türkiýäniň Türkmenistany Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) we Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň (TURKPA) doly hukukly agzasy hökmünde görmek isleýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Ysmaýyl Berdiýew Germaniýada daşary ýurtly talyplar we hünärmenler üçin tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde we Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde iki sany täze kislorod stansiýasyny üstünlikli oturdyldy.
3-nji sentýabrda geçirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça webinaryň çäklerinde Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), Bütindünýä haýwanlaryň saglygyny goraýyş guramasynyň (BHSGG), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (AOHG) hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (DGM) wekilleri adamlaryň we haýwanlaryň saglygyny hem-de daşky gurşawy üpjün etmekde hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýanyň umumy bilim berýän mekdeplerinde sapaklarda ykjam telefonlary ulanmaklyk gadagan edilýär. Bu barada Döwlet dumasynyň magaryf boýunça komitetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Ýana Lantratowanyň sözlerine salgylanyp, “РИА Новости” habarlar agentligi habar berýär.
2-nji sentýabrda Parižde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda “Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar” ady bilen 2024-Sanly bilim hepdeligi öz işine başlady. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorina Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.
Russiýa ýakyn geljekde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan) bilen ýokary derejede ikinji duşuşygyny geçirmegiň taýýarlyk işlerini görýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwanyň Halkara gatnaşyklar Döwlet institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş eden Daşary işler ministri Sergeý Lawrow belläp geçdi.
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabry, Bilimler we talyp ýaşlar gününde, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy.