HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Katar ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Maý 21, 2026 | 21:20 |13109
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämedow Al Raýýan Halkara uniwersitet kollejiniň ýerine ýetiriji dekany doktor Iwan Ninow bilen duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämedow Al Raýýan Halkara uniwersitet kollejiniň ýerine ýetiriji dekany doktor Iwan Ninow bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy

Doha, 2026-njy ýylyň 20-nji maýy — Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämedow Al Raýýan Halkara uniwersitet kollejiniň ýerine ýetiriji dekany doktor Iwan Ninow bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň başynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy söhbetdeşini ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän giň gerimli ýokary derejeli çäreler, şeýle hem öňde boljak halkara ylmy maslahatlaryň tertibi bilen tanyşdyrdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Al Raýýan Halkara uniwersitet kollejiniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ony yzygiderli ösdürmek mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlyk tejribe alyşmaga we akademik gazanylanlary işjeň paýlaşmaga gönükdiriler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026
TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

17:41 Oktýabr 12, 2026