HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Londondaky Bütindünýä forumynda bilim özgertmeleri bilen tanyşdyrdy

Maý 20, 2026 | 20:50 |4389
17–21-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti, ministriň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygynda Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna (EWF 2026) gatnaşýar17–21-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti, ministriň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygynda Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna (EWF 2026) gatnaşýar
Çeşme: education.gov.tm

17–21-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti, ministriň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygynda Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna (EWF 2026) gatnaşýar. Bu forum innowasiýalary we adam maýasyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşýan dünýäniň iň iri meýdançalarynyň biri hasaplanýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Beýik Britaniýanyň bilim boýunça döwlet sekretary Brijit Fillipson bilen möhüm duşuşyk geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Ýokary derejeli sessiýada türkmen wekilleri Türkmenistanyň mekdeplerde howa gün tertibini ornaşdyrmak boýunça gazanan üstünliklerini, şol sanda UNICEF bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Ýaşyl mekdep» synag taslamasy bilen tanyşdyrdylar. Mundan başga-da, wekiliýet agzalary Apple kompaniýasynyň ýörite seminarynda giň gerimli sanly özgertmeler we IT hünärmenlerini taýýarlamak boýunça tejribeleri öwrendiler.

Türkmenistan esasy IT üstünliklerini, şol sanda eMekdep platformasyny we 2052-nji ýyla çenli ýokary bilimi ösdürmegiň strategiýasyny hödürledi. Dünýäniň öňdebaryjy bilim tehnologiýa kompaniýalary bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde birnäçe möhüm ylalaşyklar gazanyldy:

• Classera we Matific: okuwlary şahsylaşdyrmak hem-de matematika boýunça AI-mugallymlary ornaşdyrmak üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulanýan synag taslamalarynyň işe girizilmegi.

• Times Higher Education: Türkmenistanyň synag ýokary okuw mekdebini dünýäniň iň abraýly uniwersitet reýtinglerine yzygiderli çykarmak üçin saýlap almak.

• Pearson we ETS (TOEFL synagynyň işläp düzüjisi): Türkmenistanda sanly başarnyklary we dil bilimini bahalandyrmak boýunça sertifikatlaşdyrylan merkezleri döretmek.

Туркменистан представил реформы образования на Всемирном форуме в Лондоне

British Council bilen geçirilen duşuşykda taraplar Merkezi Aziýada iňlis dilini tizleşdirilen görnüşde öwretmek boýunça AELLCA taslamasynyň üstünlikli netijelerini jemlediler. Alnan tejribe britan uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esas bolar. Şeýle hem Project Management Institute bilen bilelikde Türkmenistanyň bilim ulgamynda töwekgelçilikleri dolandyrmak we taslama ofislerini ornaşdyrmak boýunça häzirki zaman gurallaryna bagyşlanan seminarlary geçirmek meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026