HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Eýran bilelikdäki söwda zolagyny döretmek taslamasyny YHG-nyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarýarlar

Maý 20, 2026 | 22:29 |6714
Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebit meýilleşdiriş geňeşiniň (SMG) 36-njy mejlisine gatnaşdyTürkmenistanyň wekiliýeti Pakistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebit meýilleşdiriş geňeşiniň (SMG) 36-njy mejlisine gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebit meýilleşdiriş geňeşiniň (SMG) 36-njy mejlisine gatnaşdy. Forumyň dowamynda Aşgabat ulag-logistika ulgamyna çuňňur integrasiýa bolmaga, energetika dialogyny ilerletmäge we «ýaşyl» ösüş ýörelgeleri esasynda üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Türkmen tarapy multimodal «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» geçelgeleriniň esasy nokady hökmünde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekdi.

«Tasnim» halkara agentliginiň habar bermegine görä, mejlisde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda bilelikdäki söwda zolagyny döretmek taslamasyna hem garaldy. «Altyn asyr» we «Inçeburun» serhet nokatlarynyň binýadynda amala aşyryljak bu synag taslamasy, kadalary sazlaşdyrmak, býurokratik päsgelçilikleri aýyrmak we ýeke-täk söwda penjirelerini ornaşdyrmak arkaly, adaty serhetýaka söwdasyndan çuňňur ykdysady integrasiýa geçilýändigini aňladýar.

turkmenistan-iran-eco-joint-trade-zone-ince-borun-2026 (1).jpeg

Bu ädim taraplaryň geçen ýylyň noýabr aýynda YHG-nyň goldawy bilen Eýranyň Gülüstan welaýatynda geçirilen pudaklaýyn duşuşykda gazanan ylalaşyklarynyň logiki dowamydyr. «Inçeburun» we «Altyn asyr» nokatlarynyň integrasiýasynyň geografik logikasy ýewraziýa ugurlaryny birleşdirmäge ukyply bolan demir ýol we awtomobil infrastrukturalarynyň kuwwatly mümkinçiliklerine daýanýar.

Iki ýurduň arasyndaky konstruktiw özara baglanyşygy ösdürmek üçin döredilen bu synag meýdançasynyň üstünligi, eýýäm YHG-nyň degişli düzümleri tarapyndan geljekde gerimi giňeltmek we tutuş sebit boýunça integrasiýalaşan erkin ykdysady zolaklaryň ulgamyny döretmek üçin nusgawy dolandyryş-gümrük modeli hökmünde garalýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026