HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi we DEİK geňeşiniň başlygy ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Maý 14, 2026 | 17:50 |7175
14-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky «Türkiýe - Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň türk böleginiň başlygy Sefa Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy14-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky «Türkiýe - Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň türk böleginiň başlygy Sefa Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy
Çeşme: Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy

14-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky «Türkiýe - Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň türk böleginiň başlygy Sefa Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

развитие двустороннего сотрудничества Турции и Туркменистана

Duşuşykda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn işewür duşuşyklarynyň, türk öndürijileriniň haryt sergileriniň hem-de biznes forumlarynyň geçirilmegine başlangyç beren türkmen-türk işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Şeýle hem, Türkiýäniň işewürleriniň Türkmenistan bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Sefa Gömdeniz Türkmenistanda iş alyp barýan türk kompaniýalaryna berilýän kömek we giň gerimli goldaw üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleriniň arasynda netijeli dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler hem-de geljegi uly bolan ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026