HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen «PETRONAS» Hazar deňzindäki önümçilik boýunça täze ylalaşyga geldiler

Maý 12, 2026 | 21:56 |7281
Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji maýda, duşenbe güni Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikanyň ýolbaşçylygyndaky hem-de «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Malaýziýanyň wekillerin kabul etdiPrezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji maýda, duşenbe güni Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikanyň ýolbaşçylygyndaky hem-de «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Malaýziýanyň wekillerin kabul etdi
Çeşme: orient.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji maýda, duşenbe güni Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikanyň ýolbaşçylygyndaky hem-de «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Malaýziýanyň wekillerin kabul etdi.

Gepleşikleriň dowamynda 2026-njy ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýandygy bellenildi. Bu döwürde «PETRONAS» uglewodorodlary çykarmak we Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça giň göwrümli taslamalary amala aşyrdy, şeýle hem ýurduň nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamagy üpjün etdi.

Duşuşykda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýerleri özleşdirmek üçin «Türkmennebit» döwlet konserni we «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasyndaky önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Malaýziýanyň wekilleri hyzmatdaşlyk borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmäge taýýardyklaryny tassykladylar, döwlet Baştutany bolsa özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça täze anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026